JEMGYÝET

Jebel şäherçesinde täze halkara howa menziliniň düýbi tutuldy

Türkmenistanyň milli raýat awiasiýasynyň halkara howa menzilleriniň üsti ýene-de bir täze halkara howa menzili bilen ýetiriler. Ol hem gojaman Hazar deňziniň kenaryndaky Balkanabat şäheriniň golaýyndaky Jebel şäherçesinde gurlar.

Bu halkara howa menziliniň düýbüniň tutulyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz gatnaşdy. “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Jebel şäherçesinde täze guruljak halkara howa menziliniň düýbüniň tutulyş dabarasyna hem-de Balkanabat şäherindäki 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

HALKARA HOWA MENZILI BARADA

  • Bu halkara howa menzili sagatda 100 ýolagça hyzmat eder.
  • Potratçysy bäsleşik esasynda kesgitlenjek bu halkara toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Höükmeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gazanasynyň arasynda baglaşylan karz ylalaşygy esasynda maliýeleşdiriler.
  • 200-e golaý işgär işlejek halkara howa menziliniň umumy meýdany 275 gektara barabar bolar.
  • Taslamanyň düzüminde birnäçe binalardyr desgalar bar.
  • Olaryň hatarynda ýolagçy we ýük terminaly, howa hereketini dolandyryş diňini, halas ediş we ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binalary bar.
  • Bu ýerde uzynlygy 3200 metr bolan döwrebap uçuş-gonuş zolagy bolar.
  • 2 sany öwrüm ýollary, 6 sany uçara hem-de 4 sany dikuçara niýetlenen meýdança hem gurlar.
  • Ýöriteleşdirilen aerodrom we howa gämilerine ýerüsti hyzmat ediş gulluklarynyň binalary, jemi 15 sany esasy desga bina ediler.
  • Uçarlara ýerüsti hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin täze halkara howa menzilinde dürli görnüşli 45 sany döwrebap ýerüsti tehnikalar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar.
  • Ýene-de 3 ýyldan Jebel şäherçesinde döwrebap howa menzili peýda bolar.

 

Açyljak iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň sanawy

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar