Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, söhbetdeşlikde deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we netijelilik ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler diýip TDH habarynda aýdylýar.
Hormatly Prezidentimiz Italiýanyň Prezidentine däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary ösdürmäge uly goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, telefon arkaly söhbetdeşligiň ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti geçen ýyl Italiýa sapar amala aşyrdy
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa bolan saparyny aýratyn mähirlilik bilen ýatlaýandygyny nygtady. Şol saparyň barşynda Rimde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara gatnaşyklaryň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar köpugurly türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga kuwwatly itergi berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Prezident Serjio Mattarellä Türkmenistanyň bitarap daşary syýasy ugruny hemişe berk goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, dünýäniň ähli döwletleriniň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki abraýly düzümleriň resminamalarynda öz beýanyny tapýandygy nygtaldy.
Biz Italiýanyň Türkmenistanyň tekliplerini ilerletmäge işjeň gatnaşyp, biziň başlangyjymyz bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň energetika howpsuzlygy, durnukly ulag, ekologiýa ulgamyndaky birnäçe başlangyçlarynyň awtordaşy bolup çykyş edendigine ýokary baha berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Öz nobatynda, biziň ýurdumyz Italiýa Respublikasynyň netijeli başlangyçlaryny, dürli halkara düzümlere saýlawlarda onuň kandidaturasyny goldaýar.
Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serjio Mattarella hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny anyklaşdyryp, söwda-ykdysady ulgamy şolaryň hatarynda görkezdiler. Şunuň bilen baglylykda, Italiýanyň Ýewropa döwletleriniň arasynda Türkmenistanyň iň iri ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz italýan kärdeşini özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Italiýanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, ol degişli şertler emele gelen wagtynda ýurdumyza gelip görmäge tüýs ýürekden şatdyr.
Bulary hem okaň
Türkmenistanda Italýan dili öwredilýär
Orta mekdeplerde italýan dili öwrediler
Italiýa daşary söwdada öňdäki orunlarda
Italiýa TOPH gaz geçirijisi taslamasy bilen gyzyklanýar
Italiýa :Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary 2020
Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!