Ispaniýanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky ýaryşyň finalynda “El Klasiko” derbisi, ýagny “Real Madrid” bilen “Barselona” toparlary duşuşdy. Saud Arabystanyda geçirilen duşuşykda “Real Madrid” esasy garşydaşy “Barselona” toparyny 4:1 hasabynda utdy. Winisiusyň 3 gol geçiren duşuşygynyň netijsinde “Real Madrid” 13-nji gezek Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy. Şa toparyň düzümindäki türk futbolçy Arda Güler hem topary bilen ilkinji kubogyny gazanmagy başardy.
Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýaddaky “Al Awwal Park” stadionynda geçirilen duşuşygyň birinji ýayrmy “Real Madrid” toparynyň 3:1 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlandy. “Real” toparyndan Winisius 7-nji, 10-njy we 39-njy minutlarda tapawutlandy. “Realyň” 4-nji goluny 64-nji minutda Rodrigo geçirdi.
“Barselona” toparynyň ýeke-täk goluny 33-nji minutda Robert Lewandowski öz adyna ýazdyrdy.
Ispaniýanyň şa kluby “Real” 13 gezek ýurduň Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy.
Ispaniýanyň Superkubogynyň düzgüni 2020-nji ýylda üýtgedildi. Adatça, bu kubok üçin ýurduň çempiony bilen Şa kubogyny gazanan toparlaryň arasynda geçirilýärdi.
Ýöne täze düzgüne görä, bu ýaryşa 4 topar gatnaşdyrylýar. Olar Ispaniýanyň çempionatynyň çempiony, çempionatda ikinji orny eýelän topar hem-de Şa kubogynyň finalynda oýnan toparlardyr.
Gazanylan ylalaşyga görä, Superkubok ýaryşyna gatnaşan “Barsleona” we “Real Madrid” toparlaryna 2.8 million ýewro, “Atletiko Madrid” toparyna 1.7 million ýewro, “Osasuna” toparyna 750 müň ýewro tölendi.
Şeýle hem finala çykan toparlara goşmaça 1 million ýewro, kubogy gazanan topara bolsa, 2 million ýewro göçmaça töleg tölenýär.
