SIZDEN GELENLER

Irden limonly suw içmegiň peýdasy

Limon suwuny içmek deri we saglyk üçin örän möhümdir. Her gün irden içjek limonly ýyly suw günüňizi rahat geçirmäge kömek edýär.

Aşhanada we naharlarda giňden ulanylýan limon we limon suwy saglyk üçin örän peýdalydyr. Derini täzeleýän we düwürtikler üçin peýdaly bolan limon içegeleri arassalamaga we köşeşdirmäge hem kömek edýär.

Gyzzyrma we köplenç gyşda ýüze çykýan dümew üçin peýdaly bolan limon adamyň derisini hem rahatlandyrýar. Limon we limon suwyndaky sistrik kislotasy böwrek daşynyň döremeginiň öňüni almaga ýardam edýär. Şol bir wagtda böwrekleriň hem kadaly işlemegine şert döredýär.

Nahardan öň limonly suw içmek guragyrylary aýyrmaga kömek edýär. Limon suwuny yzygiderli içmek wagtyň geçmegi bilen agyrynyň ýok bolmagyna kömek edýär.

Şeýle hem limonly suw agyz boşlugyny arassalamaga hem kömek edip, ol agyz boşlugyndaky bakteriýalary hem ýok etmäge mümkinçilik berýär.

Bulardan başga-da, limonly suwuň horlanmaga-da uly täsiri bardyr. Energiýaňyzy artdyrmaga kömek edip, limonly suw günüň dowamynda işjeň hereketiňizi kadalaşdyrýar.

Sabina Bahramowa, 
S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

 

 

Elektrik awtoulag önümçiligini giňeldýär

Ýene-de okaň

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Ata Watan Eserleri

Sport – sagdynlygyň çeşmesi

Ata Watan Eserleri

Rus dili – dünýäniň täsirli dilleriniň biri

Ata Watan Eserleri