Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň argentinaly ýyldyzy Lionel Messiniň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky abunaçylarynyň sany 300 milliondan geçdi.
– Biz 300 milliona ýetdik. Men ähli abunaçylarymy goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirýärin. Siziň hemmäňizi gujaklaýaryn – diýip, Messi beýanat berdi.
Häzirki wagtda Messi fiziki şahslaryň arasynda “Instagram” jemgyýetçilik torundaky abunaçylarynyň sany boýunça 3-nji orunda durýar.
Bu ugurda Messi futbol meýdançasyndaky esasy bäsdeşi “Mançester Ýunaýted” toparynyň portugaliýaly ýyldyzy Kristiano Ronaldodan (395 million abunaçy) hem-de modaçy Kaýli Jennerden (306 million abunaçy) soň üçünji orunda darýar.
