TEHNOLOGIÝA

“Instagram” ABŞ-da tölegli abunalygy hödürleýär

“Instagram” jemgyýetçilik tory mazmuna diňe bir wagt sarp edilmän, eýsem ondan pul gazanmak mümkinçiligini hem hödürlemegi göz öňünde tutýar. Mark Sukerbergiň “Meta” jemgyýetçilik ulgamy synag görnüşinde “Instagram” abunalyk (Instagram Subscriptions) aýratynlygynyň açylandygyny habar berdi.

“TechCrunch” neşiriniň habar bermegine görä, bu tölegli abunalyk hyzmatyny häzirlikçe diňe ABŞ-da amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. ABŞ-ly insta-blogerler özleriniň eksklýuziw wideo ýazgylary we mazmunly çykyşlaryny tölegli esasda abunaçylaryna hödürläp biler.

Bu mazmuna girmekden başga-da, tölegli ulanyjylar teswirlerde köpçüligiň arasynda tapawutlanmak üçin programmada ýörite nyşan alarlar.

Munuň üçin “Instagram” jemgyýetçilik tory ulanyjylary öz goýýan ýazgylaryny okamagy üçin $1.99, $2.99, $4.99, $9.66, $19.99 we $49.99 bilen aýlyk abuna ýazylmak üçin 99 sentden $99-a çenli töleg alyp bilerler.

Häzirki wagtda bu synag taslamasy blogerler we olaryň diňleýjileriniň oňa garaýyşlaryny barlamak üçin döredilen çäkli synag hökmünde kabul edilýär.

 

Türkmenistan-Türkiýe: haryt dolanyşygy 2 milliarda golaýlady

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar