DÜNÝÄ

Indoneziýanyň täze paýtagty – “Nusantara”

Ozal habar berşimiz ýaly, Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherini göçürmek baradaky kanun taslamasy ýurduň Mejlisi tarapyndan kabul edildi.

Ýurduň täze paýtagty Gündogar Kalimantan welaýatynda dörediler. Ol “Nusantara” diýlip atlandyrylar. Bu söz terjime edilende “arhipelag” (adalyk) diýen manyny berýär. Ýurduň paýtagtynyň täze adyny saýlap almak üçin 80 dürli teklip seljerildi. Bu teklipler Indoneziýanyň geografiýasy esasynda taýýarlandy.

Täze dörediljek şähere ýurduň hökümet edaralary kem-kemden göçüriler. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda ýurduň Prezidenti Joko Widodo paýtagty göçürmek barada teklip bilen çykyş edipdi.

Pandemiýa sebäpli yza süýşürilen bu taslamany täzeden başlamak göz öňünde tutulýar. Ýurduň hökümeti 10 million ilatly Jakartanyň ýüküni ýeňletmek üçin täze paýtagty şäher başlangyjyny durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar. Jakartanyň käbir bölekleri yzygiderli suw joşmalary sebäpli ejir çekýär. Şäheriň käbir etrapçalary bolsa, ýylda 20 sm tizlikde çökýär.

 

Habib restoran zynjyryny döretmekçi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar