TEHNOLOGIÝA

Iň ýokary internet rekordy: sekuntda 319 terabit

Iň ýokary internet rekordy goýuldy. Ýapon inženerleri sekuntda 319 terabit tizlige ýetdi.  Maglumat geçirilýän 2 nokadyň arasyndaky aralyk 3000 kilometre deňeçer boldy. Şol iki nokadyň arasynda ýokary çaltlykda maglumat geçirmek mümkinçiligi döredildi.

Dünýä döwletleri internetiň iň ýokary tizligini gazanmak üçin özara bäsleşýärler.

Soňky gezek Ýaponiýada rekord tizlik gazanyldy. Ýapon inženerleri ýetilmegi ýeňil bolmadyk derejä çykdylar.

Bir ozalky rekord 178 terabite deň bolupdy. 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinde geçirilen synaglarda tizligiň ýokary derejesi 319 terabite deň boldy.

Bu ýokary depginli internet tizliginiň ähmiýetli tarapy hem 3 müň kilometr aralykda amala aşyrylmagydyr. Internet tizligi 3 müň kilometr aralykda şol bir depginde saklanyp galyndy.

Ýapon inženerleri dört ýadroly optiki süýümi ulandylar. Kabel birnäçe tolkunlary birleşdirip bilýär. Ulanylan dört ýadroly optiki süýümli kabelleriň häzirki zaman tehnologiýasyna laýyk gelýändigi mälim edildi.

Rekord goýan ýapon inženerleri bu gazanan görkezijisi bilen çäklenmän, eýsem tizligi has ýokary derejelere çykarmagy meýilleşdirýärler.

 

Hytaýyň ilatynyň 85 göterimi sanjym aldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ykjam goşundysy işe girizildi

Dünýäniň iň “akylly” emeli intellekt modeli “Grok 3”

Gazagystan uçýan taksilere gyzyklanma bildirýär

Ilon Maskdan iň “akylly” emeli intellekt taslamasy

“TikTok” tory “Apple Store” we “Google Store” gaýdyp geldi

Ýewropa Bileleşigi emeli intellekt üçin 200 milliardlyk maýa goýum meýilleşdirýär