BIZNES

Iň köp hak tölenýän aktrisalar

«Forbes» Žurnalyna görä, amerikaly Skarlet Ýohansson dünýäde iň köp hak tölenýän aktrisadyr. Ol bir ýylyň dowamynda 56 million dollar gazanýar.

Ýohansson geçen ýyl hem sanawyň başyny çekýärdi. 2017-nji ýylyň iýunyndan 2018-nji ýyyň iýunyna çenli onuň girdejisi 40,5 million dollara ýetipdi.

«Forbesde» ýazylşyna görä, aktrisa uly meşhurlyk we girdeji getiren filmi «Kasasgärler» tapgyrynyň «Gara bewa» bölümindäki rus içalysynyň keşbidir. Şu keşpden soň onuň girdejisi ozalkysyndan dört esse artypdyr.

Onuň şu ýylky girdejileriniň hem aglabasyny «Marvel» kinokompaniýasy töledi. «Kara bewadan» başga-da, «Kasasgärler: finalda» ýerine ýetiren keşbi hem bu girdejiniň sermaýasy boldy.

Ikinji orny «Amerikalylaryň maşgalasy» atly köp bölümli filmiň ýyldyzy Sofiýa Wergara eýeleýär. Oňa surata düşen bölümleri üçin jemi 44,1 million dollar hak tölendi. Ruiz Uizerspun bolsa geçen ýylky ornundan iki basgançak ýokary çykyp, bu ýyl üçünji orunda ýerleşdi. «Forbesiň» ýazmagyna görä, onuň girdejisi 35 million dollara ýetýär.

2018-nji ýylyň iýunyndan 2019-njy ýylyň şol aýyna çenli aralykdaky girdejiler hasaba alnana sanawyň öňdäki bäşligini Nikol Kidman bilen Žennifer Eniston jemleýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda demir garyndylaryny öndürýän zawod gurlar

Lebap welaýatynda täze gaz ýatagy tapyldy

Türkmen telekeçileri 2024-nji ýylda 128 desga gurdular

Garlyk kaliý toplumyny ösdürmek üçin german kompaniýalaryň konsorsiumy dörediler

Ata Watan Eserleri

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda «Liebherr» kompaniýasynyň hyzmat merkezini döretmek teklip edildi

Türkmenistanda täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly gurlar