DÜNÝÄ

Iň dowamly uçuş

«Qantas Airlines» awiakompaniýasy dünýä taryhyndaky iň uzak wagtlap dowam eden uçuşy amala aşyrdy ― diýip, «FlightAware» portaly habar berýär.

«Boeing 787-9» laýneri Nýu-Ýorkdan Sidneýe çenli 18 sagat 14 minutlyk uçuşy amala aşyrdy. 16 müň 309 kilometr ýol geçen uçar barmaly menziline 37 minut gijä galyp bardy.

Uçuşyň dowamynda ýolagçylara yzygiderli lukman kömegi berildi. Ýüze çykyp biljek ýol hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen, ýolagçylara rahatlandyryjy ― melatonin gerdejigi we äýnek paýlanyp berildi.

Iň dowamly uçuş babatynda mundan ozalky rekord «Singapore Airlines» kompaniýasyna degişlidir. Komapniýanyň «Airbus A350-900ULR» uçary Singapur ― Nýu-Ýork aralygyny 18 sagat 50 minutda geçipdi.

Ýene-de okaň

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Ata Watan Eserleri