TEHNOLOGIÝA

Ilon Mask sürüjisiz taksisini tanyşdyrdy

Dünýäniň iň baý işewüri, “Tesla” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask özüniň 2 orunlyk “Cybercab” sürüjisiz taksisini hem-de “Robovan” kysymly sürüjisiz mikroawtobusyny tanyşdyrdy. Sürüjisiz taksiniň köpçülikleýin önümçiligine 2026-njy ýylda başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada Ilon Mask Los-Anjelesde “Warner Bros” Goliwud syudiýasynda geçirilen çärede habar berdi.

“Cybercab” sürüjisiz taksiniň dolandyryjy ruly hem-de pedaly ýok, gapylary hem ýokary ugra aylýar. Onuň bahasy azyndan 30 müň dollara deň bolar. Eýýäm şeýle taksileriň 50-si öndürildi.

Dünýäniň iň baý işewüri şeýle ulaglaryň ýolagçylar üçin amatly boljakdygyny, kiçijik we rahat ýerde oturyp, belli wagtdan soňra barmaly ýeriňe baryp boljakdygyny belledi.

“Robovan” kysymly sürüjisiz mikroawtobus 20 adama niýetlenendir, şeýle hem onda ýük daşamak mümkinçiligi hem bolar.

Ýene-de okaň

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi

Aşgabat-Astana: Merkezi Aziýada täze sanly ýollar dörediler

Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin jemgyýetçilik torlar gadagan edildi

Tbiliside bahasy 1,25 mlrd dollar bolan täze howa menzili gurlar