DÜNÝÄ

Ilat ýazuwy barada…

2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler. Bu çäräniň baş maksady ilatyň demografiýa düzümi we ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdyr.

“Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” diýen şygary bilen geçiriler. Bu barada BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň Demografiki statistika bolüminiň başlygy Srjan Mrkiçiň ýolbaşçylygyndaky hünärmenler wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyran saparynyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek ilat we ýaşaýyş jaý ýazuwy boýunça BMG-niň ýokary derejeli bilermenleriniň wekiliýetleriniň netijeleri barada habar beriş serişdeleriniň işgärleri üçin metbugat ýygnagy geçirildi.

BMG-niň binasynda geçirilen metbugat ýygnagyna “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem onlaýn tertibinde gatnaşdy. BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň Demografiki statistika bolüminiň başlygy Srjan Mrkiç Türkmenistanda geçiren gepleşikleri barada hasabat berdi. Ol Türkmenistan bilen ilat ýazuwy babatda hyzmatdaşlyk etmäge we bu ugurda zerur bolan goldawy bermäge taýýardyklaryny belledi. BMG-niň wekiliýetinde tehniki hünärmenleriň hem bardygyny we olaryň türkmen kärdeşleri bilen tejribe paýlaşmaga taýýardyklaryny bellän BMG-niň wekiliýeti Türkmenistanyň ilat ýazuwyny geçirmäge taýýardygyny belledi.

Hasabatlar diňlenilenden soňra sorag-jogap edildi. Soraglarda ilat ýazuwynyň ähmiýeti barada soraldy. Ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy ýurduň ýeten derejeleri, ilatyň durmuş-hal ýagdaýyny öwrenmek üçin gowy mümkinçilik bolup durýandygy, şeýle hem ýurtda kabul edilýän strategiýalaryň we maksatnamalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy babatda hem möhüm bolup durýandygyny mälim edildi.

Şeýle hem ilat ýazuwynda ilatyň bilim we ýaş derejesi barada maglumat edinmäge giň mümkinçilik dörediljekdigini belläp geçdiler.

ILAT ÝAZUWY BARADA…

Ilat ýazuwynyň netijesinde ilatyň sanyndan başga ilatyň demografiki aýratynlyklary (jynsy, ýaşy, maşgala ýagdaýy), geografiki aýratynlyklary (doglan ýeri, häzirki ýaşaýan ýeri, ýaşaýan ýerinin üýtgemegi); bilim derejesi, etno-medeni aýratynlyklary (raýatlygy, ene we beýleki dilleri bilmek), ykdysady aýratynlyklary (eklenç çeşmesi, iş gözlemek), ilatyň saglyk ýagdaýy we ýaşaýyş şertleri barada maglumat ýygnalýar. Ilat ýazuwynyň netijeleri toparlaýyn görnüşde görkeziler.

Ilat ýazuwyny azyndan 10 ýylda bir gezek geçirmeli. Jemgyýetiň düzümindäki üýtgeşmeleri yzarlamaga mümkinçilik berýän ilatyň sany we aýratynlyklary barada iň täze maglumatlary almak üçin zerurdyr. Her ýazuwyň netijesi, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin maksatnamalary işläp düzmek üçin maglumat binýady bolup durýar.

Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwy ilat bilen sorag-jogap görnüşinde we maglumatlaryň sanly şekilinde ýygnalmagy arkaly geçiriler. Ilat ýazuwy ýörite taýýarlanan işgärler tarapyndan geçiriler we sowalnamalar Türkmenistanda öndürilen planşetler arkaly doldurylar. 2022-nji ýyldaky ilat ýazuwy Türkmenistanda ilkinji sanly ýazuw bolar.

Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 17 – 27 aralygynda geçirilmek göz öňünde tutulýar.

 

 

Grin Kard boýunça utujylar haçan belli bolýar?

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Eýran sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi

“Green Card” lotereýasyna ýüz tutmak senesine üýtgeşmeler girizildi

Ata Watan Eserleri

Ankarada Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellenildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy