SPORT

Ikinji gezek Libertadores kubogyny gazandy

Günorta Amerikanyň iň meşhur kubogy hasaplanýan Libertadores kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy geçirildi. Onda Braziliýanyň “Santos” bilen “Palmeýras” toparlary duşuşdy.

Duşuşykda 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan “Palmeýras” topary ikinji gezek Libertadores kubogyny eýeledi. Mundan ozal, bu topar 1999-njy ýylda bu arzyly kubogy eýeläpdi.

Gyzykly geçen duşuşykda ýeke-täk hem-de ýeňiş getiren gol duşuşygyň 99-njy minutynda geçirildi. Ony ýarymgoragçy Breno öz adyna ýazdyrdy.

“Santos” topary bu kubogy 3 gezek eýeledi (1962, 1963, 2011).

Bu kubok 1960-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri