SPORT

Ibragimowiç “Milan” bilen şertnama baglaşdy

Italiýanyň milli futbol çempionatynyň (Serie A) “Milan” topary düzümindäki şwesiýaly futbolçy Zlatan Ibragimowiç bilen şertnamasyny ýene-de bir ýyl uzaltdy. Şwed futbolçy bu toparda ýene-de bir möwsüm çykyş eder.

39 ýaşyndaky ftubolçy “Milan” toparyna ABŞ-da 2 möwsüm futbol oýnandan soňra täzeden gaýdyp geldi. “Milan” toparynyň düzüminde 130 duşuşykda 84 gol geçiren şwed ftubolçy 40 ýaşynda hem bu toparda çyykş eder.

bu möwsümde çempionlyk ugrunda bäsleşen “Milanyň” düzüminde Ibragimowiç 17 duşuşykda 15 gezek tapawutlandy.

Şertnama gol çekenden soňra toparyň teleýaýlymyna beýanat beren Ibragimowiç bu topary özüniň öýi ýaly kabul edýändigini belledi.

Waşington 51-nji ştat bolýar

 

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler