ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2024-2025-nji okuw ýyly üçin “Hýübert Hamfri adyndaky stipendiýa” maksatnamasyna açyk bäsleşik yglan edýär. Bu maksatnama jemgyýetçilik pudagynda üstünlikli işläp ýören orta derejeli hünärmenlere alymlyk derejesini hödürlemezden, 10 aýyň dowamynda ABŞ-da okuw we hunär işini aşakda görkezilen ugurlar boýunça ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär:
Durnukly ösüş
- Tebigy baýlyklar/Daşky gurşaw syýasaty/Klimatyň üýtgemegi
- Şäher ýerlerini we sebiti meýilnamaşdyrmak işi
Demokratik institutlary gurmak
- Aragatnaşyk we žurnalistika
- Kanun we adam hukuklary
- Döwlet syýasatynyň derňewi we döwleti dolandyrmak
- Adam söwdasy bilen baglanşykly syýasat we adam söwdasynyň öňüni almak
- Tehnologiýalar barada syýasat we dolandyryş
- Kadrlary (işgärleri) dolandyrmak
Bilim
- Bilim ulgamyny dolandyrmak, meýilleşdirmek we bilim syýasaty
- Daşary ýurt dili hökmünde iňlis dilini okatmak
Jemgyýetçilik saglygy
- Jemgyýetçilik saglygy syýasaty we dolandyryş
- AIW/AIDS keseline degişli syýasat we keseliň öňüni almak
- Ýokanç keseller
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:
- Dalaşgärler döwlet gullugyna ygrarlydygyny we hünär derejesini ýokarlandyrmak mümkinçiligini görkezen ýolbaşçy wezipelerdäki orta derejeli hünärmenler bolmaly.
- Dalaşgärler özleriniň bu maksatnama gatnaşmaklarynyň zerurlygyny, şeýle hem programmadan aljak amaly peýdalarynyň mümkinciligini görkezmelidirler. Olar talaba laýyk gelýän tejribäni we başarnyklary, şeýle hem Hamfri stipendiýasy bolmadyk ýagdaýynda alyp bolmajak bilimlerini bu meýilnama arkaly nähili usulda alyp biljekdiklerini subut etmelidirler.
- 2023-nji ýylyň awgust aýyndan öň azyndan bäş ýyl iş tejribesi. Bellik: Ýokary okuw jaýyny gutarmazdan öň geçilen tejribe işi, mugallymçylyk we iş tejribesi hasaba alynmaz.
- Dalaşgärler ýokary bilimli bolmalydyr.
- Iňlis dilinde ýazuw we gepleşik ukyplary suwara bolmaly, ýagny TOEFL synagy boýunça azyndan 525 (kagyz usuly synagda) bal toplamaly. Pes ballara eýe bolan güýçli dalaşgärler iňlis dilini intensiw usulda öwredilýän 8 ýa-da 16 hepdelik meýilnamalaryna gatnaşdyrlyp bilerler.
*Bellik: Diňe gürrüňdeşlik tapgyryndan geçen dalaşgärler ABŞ-nyň Ilçihanasy tarapyndan TOEFL/Duoliongo synagyna hasaba alynarlar. Synaga özbaşdak hasaba alynan we töleg geçiren dalaşgärleriň çykdajylary yzyna gaýtarlyp berilmez.
ABŞ-nyň ilçihanasynyň/USAID-iň ýerli işgärlerine we olaryň maşgala agzalaryna, şeýle hem Amerikan geňeşlikleriniň we Amerikan burçlarynyň işgärlerine, ýokarda agzalan guramalarda işleýän döwurleri ýa-da işden çykanlaryndan soň bir ýylyň dowamynda meýilnama gatnaşmaga rugsat berilmez.
Talaplar:
- Ýokary okuw jaýy tarapyndan berlen diplom we degişli bolan bahalar;
- Dalaşgäriň hünär taýdan kämilligine güwä geçip biljek üç adamdan hödürnama,
- Doldurlan arza.
Üns beriň:
Ýüklenen resminamalaryň ählisiniň iňlis dilindäki resmi terjimesi bolmalydyr;
Resminamalar kagyz görnüşinde kabul edilmez.
Anketany internet arkaly şu ýerde tabşyryp bilersiňiz: https://apply.iie.org/huberthhumphrey
Anketalary tabşyrmagyň iň soňky güni: 2023-nji ýylyň 10-njy iýuly
Goşmaça maglumat üçin AshgabatEducation@state.gov elektron salgysy arkaly ýüz tutup bilersiňiz
Biziň salgymyz:
ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi,
Andalyp köçesiniň 70-nji jaýy,
Halkara işewürlik merkeziniň 3-nji gaty.
Tel.: (+99312) 473503; 473506; 473581; 473584
Faks: (+99312) 473529