TEHNOLOGIÝA

Hytaýyň taryhynda iň gymmat super awtoulag

Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçirilýän awtoulag sergisinde hytaýyň “Hongqi” atly markasy “S9” atly super awtoulagyny tanyşdyrdy. Ulagyň ilkinji görnüşini 2019-njy ýylda hem görkezilipdir. Tutuşlygyna alanyňda, awtoulagyň daşky görnüşi has adaty görünýär. Ulagyň daşky görnüşini meşhur dizaýner Walter de Silwa işläp düzüpdir. Mundan öň Walter de Silwa, “Audi R8, Lamborghini Egoista we Volkswagen Scirocco” ýaly awtoulaglaryň dizaýn işlerini alyp barypdyr. Super ulagyň salony hem birneme ýönekeýleşdirilip, onuň rolyny bolsa sport roly bilen çalşyrylypdyr. “Hongqi S9” atly ulagy sagatda 100 kilometr tizlige bary-ýogy 1,9 sekunda ýetip, onuň iň ýokary tizligi bolsa 400 kilometre ýetýär. Awtoulag 1.400 at güýji bolan gibrid hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrlandyr. Bular ýaly ulagyň jemi 99 sanysy öndüriler. Olaryň ilkinji tapgyrynda satyljak ulaglarynyň bahasy bolsa 1,45 million dollar barabar bolar.

 

«Galkynyş» käni: 3.9 milliarddan gowrak tebigy gaz eksporty

 

 

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýada kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar

Ata Watan Eserleri

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär