DÜNÝÄ

Hytaýyň ilaty azalýar

Hytaý Halk Respublikasynyň ilaty 2,08 million adam azalyp, 1,40867 milliard adama deň boldy. Bu barada ýurduň Baş statistika müdirligi habar berýär.

Berlen maglumata görä, geçen ýyl Hytaýda täze doglan bäbekleriň 9,02 milliony hasaba alyndy. Hasabat döwründe 11,1 million adam aradan çykdy.

Hytaýyň erkek ilatynyň sany 720,32 million adama deň boldy. Zenanlaryň  sany bolssa, 689,35 milliona deňdir. Ilatyň ýaş düzümi barada aýdylanda bolsa, zähmete ukyply ilatyň sany (16-59 ýaş) 864,81 million adama deň bolup, ol hem Hytaýyň ilatynyň 61,3 göterimine deňdir.

Hytaýyň 60 ýaşdan uly bolan ilatynyň sany 296,97 milliona barabardyr.

2023-nji ýylda ýurduň şäher ilaty 11,96 million köpelip, 932,67 million adama deňdir. Oba ýerlerinde 477 million adam ýaşaýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Türkmenistan bilen Pakistanyň zenan parlamentarileriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy

BMG-niň Baş sekretary wezipesine ýene iki dalaşgär hödürlendi

Tramp içerki howpsuzlyk ministrini üýtgetmek kararyny mälim etdi

Türkmenistanyň ilçisi Ýewropa Parlamentinde brifing geçirdi