BILIM

Hytaýly alymlar Bokurdak obasyna baryp gördüler

Sinszýan Ekologiýa we geografiýa institutynyň we onuň Beýik Ýüpek ýoly üçin «Ýaşyl ösüş» gözleg merkeziniň, şeýle hem Hytaýyň Ylymlar akademiýasyna degişli Geologiýa we geofizika institutynyň we Akademiýanyň beýleki ylmy institutlarynyň hünärmenleri ýakynda Türkmenistana baryp, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we ýurduň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Milli çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutlarynyň işgärleri bilen duşuşyklary geçirdiler.

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, hytaýly alymlar Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäginde Aşgabat şäherinden 91 kilometr demirgazykda, Aşgabat — Daşoguz ýolunyň ugrunda ýerleşýän Bokurdak şäherçesine syýahat etdiler. Bu obanyň ýüz ýyldan gowrak resmi taryhy bardyr diýip, çeşme belleýär.

Bilelikdäki meýdan gözlegleri, Aral deňzi we howanyň meseleleri boýunça bilelikdäki daşky gurşaw, ylmy we tehniki meýilnamalary durmuşa geçirmek, Merkezi Aziýa, Hytaý we beýleki goňşy ýurtlaryň durnukly ösüşini üpjün etmek arkaly magistr programmalarynda hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçiligi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşlikde howanyň üýtgemegi bilen baglylykda gurak we ýarym gurak ýerlerde ekoulgamlaryň işleýşini öwrenmek möhüm ugurlaryň biri hökmünde bellenildi.

Şeýle hem alymlar topary öňünde ýaş miweli pisse agaçlary ösüp oturan çöl meteorologiýa bekedine baryp gördüler.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary