Hytaý Halk Respublikasynyň başlangyjy bilen ýola goýlan “Bir guşak-bir ýol” başlangyjynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy boýunça 3-nji sammit geçiriler. Bu barada Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň wekili Wan Wenbin belläp geçdi.
– Oktýabr aýynda Hytaýyň hökümeti Pekin şäherinde “Bir guşak-bir ýol” başlangyjynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy boýunça 3-nji sammitini geçirer – diýip, hytaýly diplomat belläp geçdi.
Sammitiň gün tertibiniň esasy ugry özara kommunikasyýa bolar. Bu başlangyç halkara ykdysady hyzmatdaşlykda täze meýdança döretmekden ybarat. Oňa 150-den gowrak döwlet we halkara guramalar goşuldy.
“Bir guşak-bir ýol” başlangyjy 2013-nji ýylda HHR-iň Başlygy Si Szinpin tarapyndan badalga berildi. Ol gadymy Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekden ybarat. Onuň maksady Hytaýyň Merkezi Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň, Ýewropanyň, Afrikanyň we beýleki sebitleriň bazarlaryna çykmakdan ybarat. Şeýle hem başlangyjyň çäklerinde köp sany ýurtlaryň gatnaşmagynda we gyzyklanma bildirýän döwletleriň maliýe serişdelerini ulanmak arkaly halkara söwda-maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmek göz öňünde tutuldy.
“Bir guşak-bir ýol” başlangyjynyň çäklerinde birinji sammit 2017-nji ýylda geçirildi. ikinjisi bolsa, 2019-njy ýylda guraldy. Bu ýokary derejedäki duşuşyklara Hytaýyň, Russiýanyň, Ýewraziýanyň, Afrikanyň hem-de Latyn Amerikanyň ýurtlarynyň Baştutanlary gatnaşdy.
