Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň soňky geçiren hasaplamalaryna görä, Ýer planetasynyň 99 göterimi hapalanan howadan dem alýarlar. Howanyň gaty mikrobölejikler we azot dioksidi (NO2) bilen hapalanmanyň esasy sebäpkäri kömrüň ýakylmagydyr. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy nahar taýýarlamak, jaýlaryň ýyladyş we ýagtylandyryş ulgamlaryny ekologik taýdan arassa energiýa geçirmeklige çagyrýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy şu döwürde eýýam dünýäniň ilatynyň 99 göteriminiň howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelmeýän howadan dem alýandyklaryny habar edýär, bu bolsa dünýäniň şäherli sebitleriniň 80 göterimine degişlidir. Bu netijä 117 ýurtlarda, 6 müňden köp şäherlerde alnyp barlan barlaglaryň derňewi esasynda gelindi.
Hapalanan howada gaty mikrobölejikleriň we azot dioksidiniň köp mukdarynyň barlygy bellenilýär. Birinji nobatda bu pes we orta derejedäki girdejisi bolan ýurtlara degişli bolup, howanyň hapalanmagynyň esasy çeşmesi kömrüň ýakylmagy hasap edilýär we şonuň üçin bütindünýä saglygy goraýyş guramasy gazylyp alynýan ýangyjyň ulanylyşynyň çäklendirilmegini we howanyň hapalanyş derejesiniň azaldylmagy üçin başga çäreleri hem kabul etmeklige çagyrýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, soňky döwürde howany hapalaýjy maddalaryň hataryna azotyň dioksidi NO2 goşuldy. Ol ýangyjyň dürli görnüşleri we şol sanda awtoulaglaryň ýangyçlary ýakylanda emele gelýär we şonuň üçin islendik şäher durmuşynda diýen ýaly bardyr. Azot dioksdiniň howanyň düzümindäki iň ýokary konsentrasiýasy Ortaýer deňziniň gündogarynda hasaba alnandyr. Azot dioksidi respirator keselleriniň sebäbi bolup durýar, bu bolsa dem alyş ýollaryna zeper ýetirilmegine (üsgülewük, sesiň gyrylmagy ýa-da dem alyşyň kynlaşmagy) getirýär.
Dünýä ilatynyň diňe 4 müňe golaý şäherlerinde ýaşaýan 23 göterimi düzümindäki NO2 derejesi bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hödürnamalaryna laýyk gelýän howadan dem alýarlar.
Adam dem alanda onuň organizmine howa bilen bilelikde howply mikrobölejikler hem geçýär. Olar köpsanly dürli maddalardan we şol sanda tebigy tozandan, mikroplastikiň düzümine girýän howany hapalaýjy maddalaryň ähli mümkin bolan görnüşlerinden düzülendir. Mikrobölejikler öýkene girip, gan damarlary boýunça bütin organizme ýaýraýar we dürli keselleriň döremegine sebäp bolýar. Bu bölejikler ähli ýerden diýen ýaly: ulaglardan, elektrik stansiýalaryndan, oba hojalygyndan, ýakylan zyňyndylardan, dürli görnüşli zawodlardan we fabriklerden we hatda tebigatyň özünden hem (meselem, tüweleýlerde) howa düşýär. Bular ýaly mikrobölejikleriň diametri 2,5-10 mkm aralygyndadyr.
Howanyň mundan beýläk hem hapalamagynyň, onuň bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almak üçin bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň derňewlerine laýyklykda şu meseleleri çözmek üçin çäre görmeklige çagyrýar:
- Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň howanyň hili boýunça soňky hödürnamasy boýunça howa hiliniň milli standartlaryny kabul etmek, täzeden seretmek we üýtgetmek;
- Howa hiliniň monitoringini amala aşyrmak we howanyň hapalanma çeşmelerini ýüze çykarmak;
- Nahar taýýarlamak, ýyladyş we ýagtylandyryş ulgamy üçin diňe ekologik taýdan arassa energiýany ulanmaklyga geçmeklige ýardam bermek;
- Köpçülikleýin ulaglaryň howpsuz we elýeterli ulgamlaryny we ondan başga-da pyýadalar we welosipedçiler üçin oňaýly ýollary döretmek; köpçülikleýin ulaglaryň ulanylyşyny artdyrmak, elektromobillere geçmek.
- Ulag serişdeleriniň zyňyndylarynyň we effektiwliginiň has berk standartlaryny girizmek we tehniki barlaglaryny we tehniki hyzmatlary geçmek talaplarynyň hökmany ýerine ýetirilmegini gazanmak;
- Maýa goýumlary energiýa taýdan effektiw ýaşaýyş jaýlaryna we elektrik energiýasynyň öndürilişine gönükdirmek;
- Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmaklyga geçmek
- Senagat we ýerli zyňyndylaryň tazeden işleniş ulgamyny kämilleşdirmek
- Oba hojalyk zyňyndylarynyň, tokaý ýangynlarynyň we agro-tokaý hojalyk işleriniň käbir görnüşlerini azaltmak;
- Howanyň hapalanmagy meselesini lukmançylyk-arassaçylyk hünarmenleriniň taýýarlanylyş meýilnamasyna girizmek we saglygy goraýyş bölüminiň bu ugurda işlemegi üçin gurallar bilen üpjün etmek.
Fiziki we psihiki ösüşiniň aýratynlyklary sebäpli çagalar üçin ýaramaz ekologiki ýagdaý ululara görä has howpludyr. Diýmek, aýdylýan bu meseleler sagdyn ýaş nesliň kemala geljegi üçin hem wajyp bolup durýar.
Ýurdumyzda howanyň arassalygy bilen bagly bolan meseleleriň derwaýyslygy nazarlanyp, giň gerimli ekologik abadançylyk işleri alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň öňdebaryjy ugry hem halkyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagydyr. Muňa ýurdumyzda Bütindünýä Saglyk gününe bagyşlanyp aprel aýynda Saglyk aýy ady bilen giň gerimde geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketleri şaýatlyk edýär: ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde 4-nji aprelden 11-nji aprel aralygynda awtoulagsyz günleri geçirildi. 7-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Bag ekmek hereketleri ýurdumyzda ählihalk tarapyndan her ýyl geçirilip, milli däbe öwrüldi.
Ýurdumyzda gazylyp alynýan baýlyklaryň peýdalanylyşynyň azaldylmagy ugrunda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden peýdalanmak ugrunda taslamalar taýýarlanylýar. Türkmenistanyň tebigaty we geografik ýerleşişi Günüň we ýeliň energiýasyndan giňden peýdalanmak üçin amatly hasap edilýär.
Geçirilýän ekologik maksatnamaly çäreler ýurdumyzyň howasynyň tämizlenmeginde oňyn netijeleri berýär. Iň arassa ulag serişdesi bolan welosiped sürüjileriniň sany artýar. Ýurdumyzyň ilatlaşan ýerlerinde ekilýän baglar we agaç nahallary daşky gurşawyň howasyny awtoulaglaryň bölüp çykarýan zyýanly maddalaryndan goraýar. Welosipedli ýörişleri, awtoulagsyz günleri we beýleki saglyk we ekologiýa maksatly çäreler halkymyzyň uly goldawyna mynasyp bolup, beýleki ýurtlar üçin hem görelde bolup durýar.
Gülälek Nuraýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
