SÖHBETDEŞLIK

Hoşgeldi Garabaýew: Ynamly ädimde maksada tarap

Sungat we durmuş söhbetdeşligi

 

Abraýly menzilleri nazarlamak, saýlan käriň eýesi bolmak, türkmen medeniýetini, sungatyny beýige götermekde mynasyp goşandyňy goşmak ynsany bagtly edýär. Sungat dünýäsi lezzetli bolup, ol wagtyňy şadyýan geçirmeklige mümkinçilik berýär. Köpçülik bilen işleşmek, köpçüligiň söýgüsini gazanmak ýaly ýakymly duýgular ynsanyň döredijiligini has-da ösdürýär. Türkmeniň toý dabaralarynda, konsertlerde, teleradioýaýlymlarda alypbaryjy bolup, diňleýjini «yzyna tirkäp» bilýän sungat işgärleri, halypalar, ýaş zehinler her bir toý-dabaralaryň bezegi bolup durýar. Bu ugry özlerine kär edinen ýaşlar ýurdumyzda netijeli işleri alyp barýarlar. Olaryň biri-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Hoşgeldi Garabaýew.

Golaýda Hoşgeldi Garabaýewi «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtymyza  myhmançylyga çagyrdyk. Sungat ýolundan söhbet açýan bu söhbetdeşligimiz gyzykly we täsirli boldy. Söhbetdeşligimiziň başy şeýle başlady:

Hoşgeldi, ilki bilen saýtymyzda Sizi hoş gördük. Söhbetdeşligimiziň başyny kär saýlamakdaky sebäpleriňizden başlaýsak.

Sagboluň, özümi we sungatymy sylap çagyranyňyz üçin. Elbetde her bir käri saýlamakda onuň dürliçe sebäpleri bolýar. Meniň bu käri saýlamagyma atamyň jigisi Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hangeldi Garabaýewiň döredijilik ýoly, ýazan kitaplarynda beýan edilýän wakalar, tymsallar umuman döredijilik ýoly sebäp boldy. Esasanda «Çölüň demi» atly eseri. Ondan başga-da halypalaryň teleradioýaýlymlarda edýän çykyşlaryna, olaryň labyzly okaýyşlaryna höwesim gelerdi.

Halypalardan ýörelge edinmek kämilligiň açary….

Elbetde kämil ynsan bolmak üçin halyplaryň tejribeli ýoly, olaryň her bir aýdan sözlerini durmuşyňa, sungatyňa ornaşdyrmak şol ugurdan kämil bolmagyňa şert döredýär we her bir ädimiňe wajyp bolup durýar.  2011-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, TDMI-nyň sungat studiýasyna okuwa geldim. Okuwyň dowamlylygy gysga bolsa-da ol ýerde bize halypa mugallymlar gysga wagtyň içinde medeniýetiň, sungatyň inçe syrlaryny öwretmeklikde zähmetlerini gaýgyrmadylar. Ol ýerde Köşüli aga ady bilen belli bolan halypamyz Nurmyrat Annamyradow okaýan ugrumyzdan sapak bererdi. Aslynda men goşgy okamagy gowy görýärdim, bir gün sapakda goşgy okadyk men hem Kerim Gurbannepesowyň «Ömrüme pent» goşgusyny okapdym. Şonda mugallym Gözel Çommyýewa goşgy okaýşymy halap, şu ugurdan has-da kämilleşmegimi tabşyrdy. Ondan soňra men öz aktýorçylyk ugrum boýunça Gurbannazar Ezizowyň «Gijeki myhman» goşgusyny mono spektakl görnüşinde ýerine ýetirdim.  Şol sebäplerden ugur alyp, alypbaryjylyk meniň durmuşyma ornady.

Çagalyk arzuwy we kär saýlamak.

Çagalyk arzuwym kazy bolmakdy. Kiçi wagtym näme üçindir men kazy boljak diýip aýdardym. Aslynda ol käriň nämedigini, näme etmelidiginem bilemokdym. Ýadyma düşýär heniz, çagalar bagyna gatnaýarkam bu arzuw mende ýaşaýardy. Öz durmuş tejribämden çen tutsak çagalyk arzuwyň üýtgäp bilşini aýdyp bilerin. Medeniýet ulgamyna gyzyklanmagym, höwesim netijesinde bolsa kär hökmünde medeniýet ulgamyny saýladym.

Sungat we medeniýet.

Sungat — bu täzeçillik, döredijilikde aýratyn yz goýmak, özboluşlylyk bilen ýoluňy dowam etmek. Sungat bu her bir adamyň ruhy dünýäsi bilen zehiniň sazlaşygyndan emele gelýän gudrat. Sungat zehin bilen zähmetiň dowam etmeginde emele gelýär. Şu iki sütüniň netijesinde emele gelen Sungat nusgalyk bolýar.

Medeniýet — bu örän giň düşünje. Bu jemgyýetde özüňi alyp barmakdan başlap, ynsanyň talabalaýyk ýaşamagyny, giň dünýägaraýyşly ömür sürmegini üpjün edýär. Her bir halkyň medeniýeti onuň ýüzi, milli gymmatlygy bolup çykyş edýär.

Teleýaýlymda we sahnada alypbaryjy bolmak, toýlarda diktor bolmak nähili, şol ugur bilen meşgullanmakda  esasy üns bermeli zatlar.

Alypbaryjy, diktor ikisi aýratyn sungat. Bu düşünjeler bir ugra degişli bolsalar-da ýerine ýetirýän hyzmatlary bir bolsa-da özboluşly aýratynlyklary bar.

Teleýaýlymda alypbaryjy bolmak — bu şol gepleşigiň temasyna we geçýän ýerine laýyk gürrüňler bilen başlanýar we gepleşigiň dowamynda göni ýaýlym bolmasa ýalňyşan ýeriňi islegiňe görä düzetmäge mümkinçiligiň bolýar.

Toýda diktor bolmak — munda esasan halk köpçüligi bilen işleşýärsiň. Olar bilen aragatnaşykda bolup, toýy gyzyklandyrmak dikdire bagly bolýar. Bu ýerde esasan toýuň şowhunly, şadyýan dowam etmegine mümkinçilik döretmeli. Şeýle bolmagyny gazanmak üçin bolsa halka ýüzlenýan ilkinji  «Essalawmalekum» sözüňden başlap, toýuň dowamynda dabara gatnaşyjylaryň ünsüni çeker ýaly, toýuň gyzgalaňly ýagdaýda dowam eder ýaly mümkinçilik döretmek diktora bagly bolýar.

Bu iki kärde-de ynsan ünsli, suhangöý, mylakatly, ugurtapyjy iň esasy bolsa jogapkärli bolmaly.

«Ulgamda owaz» gepleşigi.

«Ulgamda owaz» gepleşigi aýdym-sazyň ýaýlyma goýberilýan ojagy bolan «Türkmen owazy» teleýaýlymyzda alnyp barylýar. Bu gepleşigiň ýaýlyma gidip başlanyna o diýen köp wagtam bolmady. Ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen sanly ulgamy ösdürmek işleri uly depginde alnyp barylýar. Bu gepleşigiň maksady sanly ulgam arkaly  «Ulgamda owaz» gepleşigine ýurdumyzyň toý-baýramlarynyň bezegi bolan sungat işgärleri, has dogrusy aýdymçylar gatnaşýarlar. Gepleşigiň dowamynda gepleşigiň myhmanlary bilen onlaýn duşuşyk geçirilip, olara gyzyklanýan sowallarymyz bilen ýüzlenýäris. Gepleşigiň ilkinji myhmany Täşli Tulagenow, soňra Eldar Ahmedow, Baýramhan Saparow, geljekde-de Züleýha Kakaýewa, Hajy Ýazmämmedow bilen gurnamaklygy maksat edinýäris.

Halypalaryňyz.

 Gözel Çommyýewa, Gülälek Akmyradowa, Annagül Atallyýewa, Gülşirin Hanowa, Döwlet Annageldiýew we ş.m halypalar ýurdumyzda geçirilýän dabaralarda, institutymyzda gurnalýan kompazisiýalarda goşgulary okamagyň inçe syrlaryny öwredýär Teatr sahna eserlerinden Myrat Orazow, Senem Annaýewa, Muhammetguly Kasymow dagylar sungat we medeniýet ulgamynda hünär taýýarlygymyzda kämilleşmegimize degerli sapaklaryny berdi.

Üstünlik we şowlulyk näme?

 Üstünlik belli bir eden işiň ýerine düşdügi. Zähmetiň netijesiniň gadyrlanmagy. Üstünlik gazanmak üçin ýalta bolmaly däl, maksadaokgunly bolmaly. Maksat goýup, şonuň amala aşmagy üçin zähmet çekmeli. Maksat goýup edilen iş bolsa netijeli bolýar. Maksadaokgunly bolmak üçin adam bir sözli bolmaly. Birsözlülik ynsany abraýly menzillere tarap alyp gidýär we üstünlik gazanmagyna mümkinçilik berýär.

Şowlulyk bu ynsanyň garaşylmadyk wagty gelýär. Şowly pursat, şowly gün adamyň durmuşda bähbit gözlemezden amala aşýan begençli pursadynyň sebäbi.

Maksadyňa ýetmek üçin näme etmeli?

 Maksadyňa ýetmek üçin ilki bilen dogry maksat goýmagy we şol maksada tarap irginsiz zähmet çekmegi endik edinmeli. Ynamly we dogry ädim maksada ýetmegiň ilkinji basgançaklary. Sabyrly we baryna şükürli adam maksadyna ýetmekde kösenmeýär.

Sungat adamsyna nähili häsiýetler mahsus?

Pespäl, adamkärçilikli, sada bolmaly. Açykgöwün, mylakatly gürleşip bilýän bolmaly. Uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly gürleşmegi başarmaly. Sungat adamsy duýguçyl bolýar, şonuň üçin seresaply bolmagy-da ýatdan çykarmaly däl. Onuň esasy abraýy köpçülik bilen alyp barýan arabaglanşygynda görmek bolýar. Çünki medeniýet sungat işgärleriniň abraýy, mertebesini halk kesgitleýär. Zehinli adam öz döredijiligini halka görkezmek bilen mertebeli orunlara eýe bolýar. Onuň zehinlidigini halk saýlaýar, halk onuň döredijiligine baha berýär.

Bagt näme?

 Bagt arzuw eden zatlaryňa ýetmek. Aslynda durmuşda ýaşamak, biriniň üstünligine guwanyp bilmegiň özem bagt. Durmuşda ýaşamak, ýaşan döwrüňdäki ähli zatlara şaýat bolmagyň özem bagt. Bagt ynsanyň hyýalyndaky pursatlaryň durmuş ýüzüne geçmegi. Hyýaly durmuşyň hakykat ýüzünde amala aşmagy. Eger-de özüňdäki bagty görüp, oňa guwanmagy başarýan adam dünýädäki iň bagtly ynsandyr.

Gepleşigiň şowly çykmagy üçin näme etmeli?

 Gepleşigiň şowly çykmagy üçin ilki bilen gowy ssenariýa gerek. Gepleşigiň mazmuny, manysy halkyň talap edýän, isleýän isleglerine görä düzülmeli. Şol gepleşigiň ýaýlymda görkezilmegi bilen tomaşaçylar ondan lezzet alar ýaly derejede bolmaly. Onuň üçin bolsa döredijilikli zähmet çekip, agzybir topar bolup işlemeli. Bir gepleşik ýazmak üçin birnäçe adam oňa jogapkär bolýar. Režisior, redaktor, operator, alypbaryjy, ses operatory, bezeg işlerine jogap berýänler, yşklar bilen işleşýänler, montaž işlerini alyp barýanlar, degişli tehnik işgärleri bularyň ählisiniň agzybirlikdäki zähmetleriniň netijesi gepleşigiň şowly çykmagyna mümkinçilik berýär.

Durmuş öwrümlerini nähili kabul etmeli?

 Ýaşaýyş durmuş öwrümleri bilen gyzykly. Her bir öwrüm ynsan üçin terbiýe mekdebi bolýar. Durmuş öwrümleri ynsanyň durmuşynda gyzykly we täsirli günleriň döremegine, ýaşaýyşyň birsydyrgyn gitmegine garşy durýar. Durmuşyň bu sahypalaryna sabyrlylyk we şükür etmek kä ýagdaýlarda göreşmek bilen bäs gelip bolýar.

 Hobbiňiz näme?

 Labyzly goşgy okamak.

 Haýsy reňki halaýarsyň?

 Egin-eşik geýmekde goýy ýaşyl reňki halaýaryn. Öýümiziň bolsa açyk reňklerde bolmagyny isleýärin. Çünki açyklygy, ýagtylygy gowy görýärin.

Eger-de Siz alypbaryjy bolmadyk bolsaňyz…..

 Kazy bolardym. Çünki çagalyk arzuwymy ýigitlik döwrüme geçirmäge çalşardym.

 Perzentli bolmak bagty….

 Perzentli bolmak, ynsanyň iň bagtly günlerini döredip bilýän pursatdyr. Adamyň dowamaty bolan perzent ynsana egsilmez eşreti, söz bilen düşündirip bilmejek bagty peşgeş berýär. Bu bagty peşgeş eden ynsan bolsa, ykbal ýolundaky iň eziz ynsanlaryň hataryna goşulýar. Onuň ömrüňi uzadýan peşgeşi Saňa dünýä gymmatlygyny berenligi «eje» adyna mynasyp bolan ynsana bolan ýakymly duýgyň has-da güýjeýär. Perzendiň mähirli ýylgyryşy, onuň ýakymly ysy her bir ynsana täzeden dünýä gelen ýaly duýgulary bagş edýär.

Dostluga garaýşyňyz.

  Dostluk duýgusy meniň durmuşymda ýakymly duýgy. Gerek ýerinde hakyky dost seniň ýakyn ynsanyňada öwrülip bilýär.

Çagalyk dostlarymdan Şamyradyň, Yhlasyň atlaryny aýdyp bilerin.

Geljekki maksatlaryňyz?

 Hemmämize mälim, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen sanly ulgamy ösdürmekde birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Biz hem döredijilik işgärleri öz hünär başarnyklarymyz bilen saýlan hünärimizi kämil derejede ýerine ýetirmek üçin döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, teleýaýlymlarda täze we döwrebap gepleşikler bilen Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy, ýurdumyzyň medeniýet, sungat ýoluny has-da ýaýbaňlandyrmak ugrunda birnäçe işleri alyp barmagy maksat edinýärin.

Hoşgeldi, www.atavatan-turkmenistan.com saýtymyzyň myhmany bolup, beren sungat we durmuş hakdaky gyzykly gürrüňleriňize köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Döredijilik toparymyzyň adyndan alyp barýan döredijilik işiňizde, talyp durmuşyňyzda uly-uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

 Sagboluň.

Şahsy maglumatlary:

Doglan wagty: 02.12.1994ý

Doglan ýeri: Daşoguz welaýatynyň Görogly etraby.

Görogly etrabynyň 2-nji orta mekdebi tamamlan.

2011-2012 ýyllar aralygynda TDMI-nyň Sungat studiýasynyň aktýor hünärinde okan.

2012-2014-nji ýyllar aralygynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň medeniýet merkezinde zähmet çeken.

Häzirki wagtda TDMI-nyň 4-nji ýyl talyby we «Türkmen owazy» teleýaýlymynda «Aşygyň aýdymy» gepleşiginiň alypbaryjysy, «Ulgamda owaz» onlaýn gepleşiginiň alypbaryjysy we redaktory.

Maşgalaly, 1 gyzy bar.

Söhbetdeş bolan: Şaperi OTUZOWA,

  žurnalist.

 

Derelere dolan owazlar: Ilşat Annamämmedow

 

Begmyrat Annamyradow: Mukamly maşgalada dogan ýyldyz

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda