JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz gyrgyz kärdeşini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli iberen gutlag hatynda hususan-da şeýle diýilýär:

– Siziň baştutanlygyňyzda Gyrgyzystan ösüşleriň ýolunda ynamly öňe barýar we durmuşyň ähli ugurlarynda köp sanly özgertmeler amala aşyrylýar.

Türkmenistan Gyrgyz Respublikasy bilen köptaraply hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berýär. Däp bolan doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň geljekde-de halklarymyzyň bähbidine yzygiderli pugtalanjakdygyna pugta ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglygy, uzak ömür we şahsy abadançylyk, şeýle hem Siziň jogapkärli döwlet işleriňiz uly üstünlikler arzuw edýärin.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowy doglan güni mynasybetli Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, HHR-iň Başlygy Si Szinpin, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Eýranyň Prezidenti Sayed Ebrahim Raisi, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýyp Ärdogan we beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylary gutlag hatlaryny iberdi.

1968-nji ýylyň 6-njy dekabrynda doglan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 2021-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda ýurduň döwlet baştutany wezipesine saýlandy.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow şu ýylyň tomsunda Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow awgust aýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy, noýabr aýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti üçin Türkmenistanda iş saparynda boldy.

 

 

Türkmen türgenleri dünýä çempionatyna gatnaşýar

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy