BIZNES

Hümmetsizlenmegiň öňüni almak üçin

Eýranyň hökümeti milli walýuta bolan realdan 4 sany nuly aýryp taşlamakçy. Hökümet bu çäräni puluň hümmetsizlenmeginiň öňüni almak maksady bilen geçirýär.

Eýranyň hökümetiniň metbugat kätibi Ali Rabiniň aýtmagyna görä, bu çäre indiki ýylyň 1-nji ýanwaryndan geçiriler. Puluň hümmetsizlenmeginiň öňüni almak boýunça Eýran şeýle çäreleriň ozal hem birnäçesini geçiripdi. Ýöne olardan garaşylan netije çymady. Tersine, 2015-nji ýylda Eýranda 1 dollar 32 müň reala deň bolan bolsa, häzir onuň gymmaty 120 müň reala çenli baryp ýetdi.

Hökümetiň täze çäresiniň bu ýagdaýlaryň öňüni almagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary