Her ýyl başga bir ýurtda geçirilýän we üstümizdäki ýylda 18-njisi geçirilýän “Uly-20”-ligiň (G20) sammiti Hindistanda geçirilýär. “Ýeke-täk Ýer şary, ýeke-tek maşgala, ýeke-täk geljek” atly şygar bilen geçirilýän sammite Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi başlyklyk edýär.
Ählumumy ykdysady önümçiliginiň 85 göterimini we dünýäniň umumy söwda möçberiniň 75 göterimine eýeçilik edýän, şeýle hem dünýäniň ilatynyň üçden iki bölegine eýe bolan “Uly-20”-lik (G20) guramasyna agza döwletleriň Baştutanlary her ýyl bir ýurtda ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşýarlar.
Bu gezek gurama başlyklyk edýän Hindistan sammiti kabul edýär. Sammitde ýaşyl ösüş, çaltlandyrylan we durnukly ösüş, tehnologik özgertmelere, sanly jemgyýet, zenanlaryň ýolbaşçylygyndaky ösüş ýaly mowzuklarda çykyşlar diňleniler.
Argentina, Awstraliýa, Braziliýa, Kanada, Hytaý, Fransiýa, GErmaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Italiýa, Ýaponiýa, Meksika, Russiýa, Saud Arabystany, Günorta Arfika, Günorta Koreýa, Türkiýe, Angliýa we ABŞ ýaly döwletleriň Baştutanlary gatnaşýar. Şeýle hem sammite Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçy düzümi hem çagyrylýar.
Dünýäniň öňdebaryjy 20 ykdysaýetine eýe bolan ýurtlaryň guramasy bolan “Uly-20”-lige Ispaniýa agza däldir. Ykdysady taýdan öňdebaryjy ýurt bolan Ispaniýa bu sammite hormatly myhman hökmünde çagyryldy.
Sammite ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Angliýanyň Premýer-ministri Rişi Sunak, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Germaniýanyň Premýer-ministri Olaf Şolz, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kişida, Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Suk-Ýul, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed bin Salman, Günorta Afrikanyň Prezidenti Siril Ramapfosa, Bangladeşiň Premýer-ministri Hasina Wejid, Argentinanyň Prezidenti Andres Alberto Fernandes, Nigeriýanyň Prezidenti Bola Ahmed Tinubu, we Awstrasliýany Premýer-ministri Antoni Albanes gatnaşar.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hem-de Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bu sammite gatnaşmaýar. Hytaýa Premýer-ministri Li Şiang, Russiýa bolsa, daşary işler ministri Sergeý Lawrow wekilçilik eder.
