Hindistanda çendenaşa yssy howalar haýwanlara, galyberse-de guşlara hem öz ýaramaz täsirini ýetirýär. Ýurtda meýletinçiler guşlara kömek edýärler. Olara öz elleri bilen iým berip, olary halas etmäge synanyşýarlar.
Meýletinçiler guşlary ýerden alyp, weterinarlara getirýärler. Olara şpris arkaly poliwitaminler berilýär. Ýurduň iri şäherleriniň biri bolan Ahmadabaddaky klinikalara günde köp sanly ganatly hassalar gelýär. Olaryň arasynda diňe kepderiler bolman, eýsem çaýçaňňalak hem bar. Olar üçin ýörite otaglar hem göz öňünde tutmak meýilleşdirilýär.
Howalaryň aşa gyzmagy bilen suw çeşmeleri guraýar, guşlar tebigy suwlardan peýdalanmak mümkinçiliginden galýarlar.
– Hindistanyň tomsy hemişe örän yssy bolýar. Ýöne şu ýyl howalar geçen ýyllara görä has yssy. Gündelik 100-e golaý guşlar gelýär – diýip, “Jiwadaýa” haýyr-sahawat gaznasynyň maksatnamasynyň direktory Mumita Çatterji gürrüň berdi.
Hindistanyň howa maglumaty gullugynyň hünärmenleri ýurduň käbir sebitlerinde adatdan daşary yssy howa sebäpli howpuň iň ýokary derejesini yglan etdiler. Käbir ýerlerde howanyň temperaturasy 60 dereje ýetýär. Ýurtda derýalar guraýar, ekinleriň ep-esli azalmagy töwekgelçiligi bar.
Birleşen Arap Emirlikler :Abraýly ýokary okuw mekdepleri 2022