HEKAÝALAR

Hesretli  bulutlaryň  kölegesi

                                                                          Nowella

Edil güýzüň bulanyk sili dagdan inip gaýdan ýaly bolup, ýyl çaltlyk bilen geçdi.  Aýratyn bir bolup geçen zat bolmady. Diňe Rodogunanyň enekesi Doranyň saçy gaty agardy, çekgelerine garrylygyň gasynlary ýaýrady. Rodogynada mese-mälim üýtgedi. Onda zenanlykdan ynsanlyk köpräk duýlup ugrady. Şol wagtyň özünde-de, ýaşynda agraslyk peýda boldy.

Ýöne hemişe bolşy ýaly, dünýä guwanyp ýaşamaklyk uzak miýesser etmedi. Daşdan-içden eşidilýän ýakymsyz habarlar, tabyn edilen ýerlerdäki baş galdyrmalar, galany öňküdenem beter berkitmekligi talap edýärdi.

– Dag eýesi bürgüdem bolsa, garadaşlary deşýän daşdeşendir. Sen töweregiňe hiç zatdan – hatda ölümdenem gorkmaýan nöker ýygna. Özem olar gyzlardan bolsun. Zenan gaýduwsyzlygy aç börüdenem beterdir. Ýöne…

Garry Dora sesini kesdi. Rodoguna onuň nähildir bir aýtmasyz sözi aýtjak bolýanyny syzdy. Ýöne ol beýle söze garaşmadyk borly, tisginip gitdi.

– Olar öz göwüsleri bilen dünýäni kemala getirmekden mahrum bolmaly bolar…

Şa gyzy enekesiniň näme üçin beý diýýänini bilýärdi. Göwüs, onda-da gyz göwsi näzik zatdy. Oňa iňňe boýy tyg golaýlaşsa, guş ýarasy ýaly bitmeýärdi. Iň soňunda-da, uzak jebirden soň alyp ýatýardy. Şonuň üçin gowsy onuň öňünden gaçmalydy.

Şeýle gürrüň bahym ýaýragyç bolýar. Bu gezegem şeýle boldy. Ol ýekebir Nusaý galasynyň içine däl, bütin Parfiýa ýaýrady. Indi oturlan-turlan ýerde şeýle gürrüňi eşitmek bolýardy:

“Rodoguna nöker ýygnaýamyş, özem diňe gyzlary alýamyş”.

Töwerekden döwtalap gyzlar ýygnanyp başlady. Olary hut Şa gyzynyň özi garşy alýardy. Şo dem gyzlaryň saçlary syrylýardy, şo demem olara söweş sungaty öwredilip başlanýardy. Sähel salymyň içinde Rodogunanyň daşyna biri kem kyrk gyz ýygnandy.

* * *

Galada şeýle işler bolup geçýärkä symgylt ýyldyzlaryň şöhlesi düşýän ajaýyp gijeleriň birinde, dört aý mundan ozal nika suwny içen Karlodyr Kasandra, täze dogjak nurly Güni garşylamaga barýan ýaly, Günüň dogýan ýerine tarap ýuwaşja ýöräp barýardy.

Olar ýap-ýaňy biri-biriniň didaryndan gananam bolsa, ýigit ýene saklanyp bilmän dodagyny gelniniň dodagyna degrip nemli pyşyrdady.

  • Sen indi berk ýüregiňe düwdüňmi?

Kasandra dodagyny tirpildetdi. Soňam Karlonyň pyşyrdysy ýaly nemli pyşyrdy bilen jogap berdi.

  • Hawa, men berk oýlandym.

Esli dymyşlykdan soň Karlo ýene dillendi.

  • Gorkaňokmy?

–  Gorkan ýurduny gorap bilmez.

Gelniň sesi birneme batly eşidildi. Ýigit ýene çekinjeň gepledi.

–  Göwräňdäkem bardyr.

Kasandra sesini çykarmady. Gijäniň ümsümligini ýene ýigit bozdy.

  • Ertir olary synagdan, uly synagdan geçirýäler.

Gelniň gözleri otlukly ýyldyrady.

  • Şo gyzlaň mertligini öz gözüm bilen göresim gelýä…

* * *

Ortarada gübürdäp ot ýanýardy. Oduň gapdalynda, agaç sekiniň üstünde ukuda ýaly bolup aýal ýatyrdy. Onuň düşegi gijäniň daş ýaly garaňkylygy ýalydy. Munuň özi nähildir bir ertekini ýada salýan ýaly bolýardy. Birdenem ol ýatan ýerinden aýaklaryny tapyrdatdy. Şol pursadam edil şoňa garaşyp duran ýaly taryň gamly owazy eşidilip başlady. Hemmeler oňa seslerini çykarman seredişýärdiler. Hemmäniň gözi bir meňzeşdi – kördi.

Saz hesretlendigiçe aýalyň hereketleri hasam çalasynlanýardy. Ol misli duran ýerinden bökjek bolýan ýaly, emma böküp bilmeýän ýaly iki-baka burulýardy.

Kasandra-da hemmeler ýaly aýalyň ýanbermez höküm ediji güýji bilen çüýlenen ýaly bolup ondan gözüni aýryp bilenokdy. Aýalyň agyr hasratly nazary özüne kaklyşanda ol alaçsyz gözlerini sowup, Karlo gysmyljyraýardy. Aýal bolsa käte aýaklaryny tolkun atýan ýaly burýardy. Käte-de agyr başyny batly silkeleýärdi. Şonda onuň gür saçlary ganat ýaly eginleriniň üstüne düşüp döşüdir arkasyna ýaýylýardy.

Aýal ellini gorkuzyp ugranam bolsa has ýaş görünýärdi. Onuň ýaňaklary gyzaryp duran dolmuş ýüzünde akylly goňras gözleri şugla saçýardy. Birdenem ol hereketlerini kesip, ýaňyja ukudan açylan ýaly, arzuwçyl gamly ses bilen aýdyma başlady.

Düýşümde gördüm men nurly sährany…

         Aýdym şeýle başlanyp soň gamgynlyk bilen tamamlanýardy.

         Hesretli bulutlaň kölegesinde…

Edil şol wagt – sazyň hesretlenip, aýdymyň has gamgyn bolan wagty kimdir biriniň bagtly şonuň ýaly howsalaly pyşyrdysy eşidildi.

  • Gelýäler.

Hemmeler sessiz buýruk berlen ýaly şol tarapa seretdi. Rodoguna enekesi bilen gelýädi. Olaryň taýak salym yzyragyndanam ýanbermez gyzlar – biri kem kyrk gyz gelýädi. Billerine çenli ýalaňaçlanan gyzlaň bedenini gür gara saçlary örtýärdi. Şa gyzyny gören mähelle özlerinden biygtyýar gygyryşdylar.

  • Gözellige şöhrat.
  • Zemin ýyldyzyna şöhrat.
  • Rodogunany beren topraga şöhrat.

Rodogunanyň gelmegi bilen mähellä täzeden jan giren ýaly boldy. Süýündirilip aýdylýan hesretli aýdymlar hasam gamgyn owaza öwrüldi. Tüýdükler zaryndan- zaryn heňe başlady. Taryň gamgyn owazy kalplara sygman gör, nirelere summat boldy. Hesretli pyşyrdylar has köpelen ýaly boldy.

Diňe bir adam – ýalňyz goja bi şagalaňa goşulman öz işi bilen gümrady. Ol daşdan ýasalan ojagyň içine ýetişibildiginden çör – ýönekeý goýnuň çörüni guýýardy. Ojak mazaly tekizlenenden soň, ol ony otlady. Çör tutaşyp bilmän ala burugsy boldy. Goja bolsa üfläp ody tutaşdyrmagyň deregine, gaýtam ýene onuň üstüne çör guýdy. Muňa tütüniň hasam göhi geldi. Gojada geregi şo borly. Ol ur-tut burugsap duran çörüň üstüni çoýun gazan bilen ýapdy. Iki-ýeke tütün çykýan ýerinem kül bilen gömdi.

Indi tütün çykyp bilmän gazanyň aşagynda burugsaýardy. Ojagyň bir ýan gapdalyndan öň lüle – şykgyly toýundan ýasalýan içi deşik ikbaş ýaly süýnmek palçyk – ýasalyp goýlan bolarly. Çör tütäp ugrandan, lüleden ýag – garaýag akyp başlady. Çörüň tütüni ýaga öwrülip gazandan syrygyp akýardy.

Ýag aşakda ýörüte goýlan tabaga guýulýardy. Soň goja ýag esli bolandan, ony başga bir boş gazana ataryp, aşagyna kesindiniň ujyny degirdi. Bir azajykdan   garaýag gaýnap başlady.

Bu geňdi. Goja çörden –  melhem, onda-da, tapylgysyz melhem taýýarlaýardy. Başga bir wagt bolanda, adamlar bi täsin dermanyň ýasalşyna gyzyklanardy. Häzir olar başga bir zada –  inejikge boljak gorkuly zada gyzyklanýardylar.

Biri kem kyrk gyz, merdemsi başlaryny belende galdyryp, mähellä geňirgenme bilen gaşlaryny gerip seredýärdiler. Göýä olar bir zady – öň hiç haçan görmedik zatlaryny ýumuk gözleri bilen görýän ýaly gözlerini süzýärdi. Ýaýylgy garamtyl saçlary eginlerine düşüp, olara aýratyn buýsanjaň görk berýärdi.

Gyz bedeniniň şeýle syratly, şeýle haýykdyryjy owadan bolup biljekdigine Kasandra haýran galýardy. Hemem oňa ýara salman gaýtam goramaly diýip pikir edýärdi. Ýöne häzir, häzirjek Kasandrany haýran galdyran gyz bedeni, uly dünýäni kemala getiren göwüsden – heniz süýt inmägede ýetişmedik gyz göwsünden aýra düşer. Muny olar bu görgüsiýaman külpetli toprak üçin, bäbejikleriň gypynçsyz emmelerini emmekleri üçin, ýurt üçin gör nämeleriň edilendigini bilmekleri üçin buýsanjaň teninden aýra düşer.

* * *

Soň bir gün geler, ýyllar, asyrlar geçer, kyrk gyzyň ýurdy goramak üçin gör nämeler edendigi ýatlanar…

Soň bir gün geler, kyrk gyzyň dabanynyň basylan ýerde olaň ady agzalar…

Soň bir gün geler, ajy gözýaşlardan püre-pür bolan toprakda sary bägüller gögerer…

* * *

Saz entegem çalnyp durdy. Hemmeleriň nämedir bir üýtgeşik, aňk ediji zat edesi gelýän ýalydy. Şol wagt, edil şol pursat enekäniň düşnükli pyşyrdysy eşidildi.

– Saz hemmeleri begençden hesrete lezzetli oklap, gaty tolgundyrdy…  Başlaň…  Rodogunanyň yşarat etmegi bilen, biri kem kyrk gyzyň baştutany orta çykdy. Ol şu günki güne özüni taýýarlan borly. Gyz ilkinji ýyldyzy görjek bolýan ýaly merdemsi başyny asmana tutup durdy. Ne gözüni ýumýady, ne-de, gyrpýady. Şo demem ýüzüne nikap çekilen eli ýalaňaç gylyçly adam peýda boldy.

Mähelle bir-ä gylyjyň asmana göterilenini gördi, birem iki sany ýumşak etiň ho-ol beýläk pyzalanyp gidenini. Ýene bir gören zatlary, hoňkaryp duran ak bedeniň ýüzüne gojanyň gyzgyn garaýagy çalyp duranyny.

Soň ikinji gyz takdyra razy boldy. Soňam üçünjisi… Gijelik bolsa bu merdana gyzlary berk gujaklap, soň başgasyny görmek üçin gözlerini has gaty ýumýady.

Gezek otuz dokuzynjy gyza ýetende, ol ýöwseljireýän ýaly gözlerini elek-çelklendirdi. Gyzda parfiýa gözelligine mahsus bolmadyk bir zat bardy. Onuň görmegeý ýüzi, ýaşajyk – gara galpakly oglana çalym edýärdi. Dodaklary inçedi, gözlerem otlukly uçganaklaýardy.

Rodoguna onuň başyny dostlukly mähir bilen sypalady.

  • Adyň näme?

Gyz çekinjeň jogap berdi.

  • Sewilýa…
  • Sewilýa gorkma, sen ýaş, gujurly.

Gyz öz bolşundan utandy. Pikirini üýtgetmek üçin asmana, ýaňyja görnüp giden Aýa seretdi. Şo demem gylyç ýokary galdy.

Aýdym entegem usullyk bilen aýdylyp durdy. Mähelle-de gijelik bilen ylalaşyp, ýürege salnan ýarany  her kim özüçe göterýärdi.

* * *

Şol günüň özünde Kasandra beýleki gyzlar nähili ýol geçen bolsa, olam şol ýowuz ýola döz gelip, Şa gyzyna nöker boldy. Öňünçä olaň arasynda şeýle gürrüň edildi.

Garaňky athanadan çykarylan bedew atyň, ýagty ýaz gününde göwni göterilişi ýaly Kasandrany gören Rodogunanyň göwni göterildi.

  • Bagt tamasynyň ýoluna salnan yşgy, ýagtylandyrmaga geldiňizmi?

Kasandra başyny atdy. Rodoguna diňe aýal maşgalalara mahsus bolan inçe duýgy bilen Kasandranyň owadan synasyny synlap dillendi.

  • Siz göwrel-ä dälsiňiz?

Kasandra başyny atdy.

–  Hawa, göwreli…

  • Näçe aýlyk?

Şa gyzynyň sözünde aşa gamgynlyk duýuldy.

  • Ýaňyja bir aý bolly…

 

* * *

Rodoguna-da, kyrk gyzam söweşde özlerini dannamaýyşlary ýaly duşmanynam dannamaýardylar. Olaryň synasyna düşýän ýara känmi, ýa il-günden alýan alkyşlary, düşer ýaly däldi. Ýöne kyrk gyzyň demine düşen duşmanyň ýekejesem aman sypanokdy. Muňa Rodoguna begenip hemişe şeýle sözleri aýdýardy.

–  Parfiýanyň asudalygyny siz öz söweş sungatyňyz bilen gorarsyňyz.

Bu söz kyrk gyzyň göwnüni göterýädi. Şonuň üçin olar duşmana öňküsinden beter otlukly ýaly topulýardylar. Hemmäniň pikirem bir pikirdi:

“Olar gowy ýaşamak üçin üstümize sürünýäler. Bizem gowy ýaşaýşymyzy goramak üçin gaýtawul bermelidiris”.

Günler edil ýel ykdyryp barýan bulutlar ýaly, biri-biriniň yzyndan geçip, aýlara birikýärdi. Her bir zenanyň ene bolmakdan ýokary bagty arzuw etmeýşi ýaly, Kasndara-da şol arzuw bilen ýaşaýardy.

Şeýle günleriň birinde kyrk gyz ýene söweşe girdi. Aldym-berdimli söweşde Kasandranyň atynyň aýagyna naýzanyň tygy degdi. Şonuň üçin ol kyrk gyzdan galmaly boldy. Edil şol wagtam ýerden çykan ýaly bolup, iki atly oňa tarap gaýtdy.

Atdyllar Kasandranyň ýekedigini bilip daşyna aýlanyp başlady. Ana biri, gylyjyny ýalaňaçlap göni gelýär. Kasandara-da ony gylyçly garşylady. Parfiýada gylyçlaşmak sungaty öwredilende iki eliňde-de, deň gylyç salmany öwredýädiler. Şonuň üçin olara çep, sag tapawudy ýokdy. Bu diňe parfiýalara mälim bolan söweş sungatydy.

Kasandra gylyjyny sag eline göterip barýardy. Duşmanyňam gylyjy sag elindedi. Ara barha golaýlaşmak bilendi. Haçan-da, atlaryň burnunyň parryldysy has ýakyndan eşidilip başlanda, Kasandra gylyjyny çep eline çalasynlyk bilen geçirip, duşmanyň garaşmaýan ýerinden saldy.

Garşydaşy beýle zada garaşmadyk borly, ol aljyrady. Hat-da gylyç salmaga-da ýetişmedi. Sebäp Kasandra çep tarapdan öwrüm edensoň, oňa gylyjyny işletmäge atynyň kellesi päsgel berýädi.

Kasandra gylyjynyň ýumşak ete degenini syzyp, beýleki duşmana tarap öwrüldi. Duşman oňa naýzasyny gezedi. Kasandrada oňa naýza bilen jogap berdi. Duşman oňa myrtar sesini edip topuldy. Kasandrada şeýle ses bilen ony garşy aldy. Kasandranyň garşydaşy erjeldi, çakgandy. Ol bir o ýerden, bir bi ýerden naýzasyny gezäp aljyradadyp barýardy. Tas ol Kasandrany naýzasynyň ujunada mündüripdi. Kasandra ýykylaýmaga az galanda, söweş aty onuň dadyna ýetişip,  garşydaşynyň atyna agyz saldy. Şojagaz pursadan Kasandrany göni gelen terki ajaldan alyp galdy. Şonda Kasandra göwresinde bir gymyldynyň aşak – has aşaga süýşendigini aňşyrdy.

Kasandra ýene bir emel – diňe parfiýalara mälim bolan başga bir emel etdi. Öň öwrenlikli bolan söweş atynyň jylawyny sypdyryp, bir eline naýzaçyrny, beýleki  elinede gylyjyny aldy. Şeýdip ol garaşylman durka iki ýerden hüjüm edip garşydaşyny asgynlatdy.

Goşa urga garaşmadyk duşman ýaragyny elinden gaçyryp ýan berip ugrady. Indi oňa näme etseň edäýmelidi. Isle ony gylyç bilen parçala, isle-de böwründen naýzany sanç.

Kasandrada şeýle gylyk bardy. Ol duşman dara gysylanda, onuň ölümini nähili garşy alýandygyny bilmek üçin göni gözüne seredýärdi. Eger duşman gorkup ejizlese, — gözüni ýumsa ony has gaty çapardy. Merdemsi dursa onda özi gözüni ýumup gylyjyny salardy.

Bu gezegem ol şol maksat bilen duşmanyň gözüne seredende, onuň gözi başga birzada düşdi. Onuň tolkunyp ýatan goşa göwsi bardy. Kasandra tisginip gitdi. Hakyt bu, çagyrylmadyk myhman aýaldy.  Onda Kasandrada ýok zat – buýsanjaň zenan mämileri bardy.

Kasandranyň birden gahary geldi. Şeýle duşmanlar sebäpli özüniňem, beýleki kyrk gyzyňam, teniniň iň eziz synasyndan geçmeli bolanyna hasam gahary gelip, gylyjynyň ujyny aýalyň göwsüne golaýlatdy.

Aýal indi hiç hili garşylyk görkezmän jany şo ýerde ýaly iki eli bilen diňe göwsüni goraýardy. Kasandrada diňe şony nyşana alýady:

“Nädip keçesemkäm, dikliginemi ýa keseligine?..”.

Aýal indi eli bilen gorananyny az görýän ýaly, aýagyndaky köwşüni çykaryp, her taýyny bir göwsüniň üstünde goýdy.  Ine häzir, häzirjek ol almytyny alar. Göwsüň awusyny goý olam görsün. Siz bolmadyk bolsaňyz…Şol wagt Kasandranyň gözi aýalyň göwsüniň töweregindäki öle düşdi. Edil şo pursat öz göwresinde-de, bir zat gymyldan ýaly boldy. Bu zatlaryň bary onuň pikirini garjaşdyrdy. Şonuň üçin basymyrak dynar ýaly, gylyjyny galdyranda çaganyň zägildisine meňzeş ses eşidildi. Kasandra bialaç saklanyp töweregine garanjaklady.

“Allajanlarym bu nämekä…”

Gylyç ýene ýokary galdy.  Ýöne tygyň ujy göwse ýetmäge az galanda ýene şol ses eşidildi. Bu gezek ol has çasly çykdy.

Çaga sesi. Bu ses Kasandranyň barmagyny büküp garaşýan sesidi.

Gylyç ýene salynman galdy. Kasandranyň ýüreginiň golaýjagynda bir zat gymyldan ýaly boldy. Aýal göwsüni goraglap barşyna atynyň ardyndaky horjundan beşik – sallançak çykardy. Beşigiň içinde çaga ýtyrdy. Ol enäniň ysyny alyp has gaty aglady. Kasandraň haýýaty uçdy.

“Kesmedigim gowy bolupdyr. Emmesinden jyda düşjegini bilip aglan bolmay…”.

Kasandra aýalyň hiç bir many aňlatmaýan, nury öçen gözlerine seredip oňa tarap ýöräp ugrady. Şo demem aýalda öňki gorkusyndan has beter –  aladaçyl enäniň howsalalay gorkusy peýda boldy. Ol Kasandra düşnükli bolan, az-kem çalgyrt dilde gürläp başlady.

–  Süýdüm iýdirýä, çagam ajygýandyr.  Häzir garny doýansoň uklar, onsoň ol ýatyrka nemedäý… ýogsam görse gorkar… Garynjygyny doýransoň, esli wagt ýatýar…

Aýal hem-ä şu sözleri aýdýardy hemem göwsüni çagasynyň agzyna tutduryp, hemişeki edişi ýaly barmaklary bilen bäbejigiň garaja galpajygyny daraklaýardy. Onuň çagasyny emdirip, ýanap ýatyşy şeýlebir gowudy, şeýlebir owadandy. Hamala Kasandra ömründe şeýle gözellige taý bolup biljek gözelligi öň görmedik ýaly, gözi gidijilik bilen oňa seredýärdi. Häzir onuň gözüne, ýap-ýaňy darkaş gurlan meýdanam, bäbejigem hatda, özüne naýza gezän aýalam eziz görünýärdi.

Bäbejgem, dünýede hiç hili galagoplyk bolmadyk ýaly, şeýlebir süýjülik bilen emmäni emýädi weli her näme bolanda-da, ony binjalyk edesiň geljek däldi.  Bu zatlaryň bary Kasandranyň ýüregini ezýädi. Sebäp onuň özem birwagtlar şeýdip çaga emdirmegi arzuw edipdi. Arasynda-da, bäbejik ol emmeden agzyny aýryp, garagolja ýylgyrýardy. Soňam kimdir biri emmesini alaýjak ýaly hasyr-husur ýene emip başlaýardy.

Häzir çaýkaynyp duran uly dünýe-de, diňe çaganyň sokjaýan sesi hemem enäniň iň soňky hüwdüsi ýaly gamgyn hüwdi eşidilýärdi. Ene hüwdüni betlabyz aýdýardy, onda-da ol çaga üçin ezizdi. Bäbejik barha gerinjiräp gözüni süzmek bilendi. Sebap ol ýüregiň – ene ýüreginiň sesini eşidýädi.

Kasandra hüwdüni doly aňşyrmasa-da, enäniň kütek owaz bilen şeýle sözleri birsyhly gaýtalaýandygy ýadynda berk saklady.

Uruş-sögüş bolmasa,

         Balam kükregimiň üstünde össe.

         Çagamy goltuklap gidip otursam,

         Ýollar gutarmasa…

 Kasandranyň garnynyň töwereginde birden ýeňiljek agyry peýda boldy. Soň ol lezzetli agyra öwrülip, bütin göwrä ýaýrady. Kasandra bialaç çöküne düşüp buruljyrady. Hat-da şol süýji agyry, özüniň lezzeti bilen hykgyldatdam. Garaşylýan myhman gelmeli wagtyndan öň gozganypdy. Kasandra ony aňyp, çagasyny ýanap ýatan aýala begençli, şonuň ýalam gorkuly seretdi.

Bäbejik uklanam bolsa, entegem emmesini agzyndan aýranokdy. Aýal bir bolmasyz zadyň bolanyny aňyp, Kasandra tarap golaýlady. Lezzetli agyrydan entegem açylyşyp bilmedik Kasandra elindäki gylyjy öňküdenem berk gysymlady.

  • Golaýlasaň kerçärin…

Aýal gylyja seretmän ysgynsyz pyşyrdady.

  • Sizem aýalmy?

Kasandra sesini çykarman süýji iňledi.

  • Çagaň bolýa…

Kasandranyň gulagyna duşmanynyň sesi begençli çykan ýaly bolup eşidildi.

  • Hany dur, men saňa kömekleşeýin.

Ol şeý diýip, Kasandranyň elindäki gylyjy hol beýläk zyňyp goýberdi. Soňam oňa kömekleşip başlady.

Zeminiň iň täze adamsy, ýaşajyk parfiýaly daşynyň çarasy aýrylmadygam bolsa, dünýeden närza ýaly çyrlap aglaýady. Muňa aýal – ýap-ýaňy Kasandranyň garşysyna göreşen aýal, begenip ýylgyrýady… Bu zatlaryň hemmesini Kasandra görüp ýatyrdy.

– Gozganma, göbejigini keseýin.

Aýal şeý diýip, hol beýlede kesewi ýaly bolup ýatan gylyç bilen bäbejigiň göbegini kesdi. Soňam ol atyna bökdürilgi suwly meşigi alyp, gyzyletene pälwany hezil edip ýuwdy.

  • .. Özüň ýaly owadan hem bagtly bor. Me, emdirsene…

Kasandra geplemän doňňara daş bolup ýatyrdy. Ýaşajyk pälwan bolsa elden-aýakdan çykyp çyrlaýady.

– Seniň näme, çagaňy emdirmäge-de mejalyň ýokmy? Ene üçin dünýäň iň süýji zady çagasyny emdirmekdir.

Bu söz peýkam okundanam beter Kasandranyň ýüregine sanjyldy. Tas ol aglapdam.

Aýal şeý diýip Kasandranyň eşigini ýeňletmek bilen boldy. Haçan-da onuň gözi, emmäniň deregine hoňkaryp duran iki sany gara tegmile düşende allaniçiksi boldy. Hat-da gorkdam. Kasandra onuň öz göwsüni goranda-da, beýle gorkmandygyny ýadyna saldy.

– Hiý, wiý…

Soňam ol hasratly pyşyrdady.

–  Men parfiýa zenanlarynyň ata çykanda, gaýdyp çaga emdirmekden mahrum bolýandyklary barada eşidipdim. Bu asyl çyn eken…

Aýal sözüniň soňuny aga berdi.

– Olara şeýle etmegi durmuş mejbur edendir.

Ol şeý diýip, öňküsindenem beter aglady.

Kasandra sesini çykarman diňläp ýatyrdy. Haçan-da aýal bäbejigiň agzyna öz göwsüni tutanda, ol bar güýji bilen gygyrdy.

– Men duşmanymyň süýdüni çagamyň emmegini islemeýän…

Aýal Kasandranyň ýüzüne mähirli seretdi.

  • Men duşman däl – ene.

Kasandra gaharly gepledi.

–    Ene ýarag çekip gelmeýä…

Aýal agyr dymdy. Soňam şeýle sözleri aýtdy.

–   Şeýle zamana bolla. Enänem öz gününe goýanoklar…

Soň ol ýene dillendi.

  • Emmese çaga ýaşamaz…

Kasandranyň sözi ynamly eşidildi.

  • Şeýle günde dünýä gelen çaga ýaşamalydyr…
  • Oňa süýt – enäniň oguz süýdi zerur.

Kasandra topragyň – öz eziz topragynyň, şonuň ýaly görgi baryny gören külpetli topragyň müçe aşygy ýalak bir bölek kesegini alyp, häliden bäri dynman aglaýan çagasynyň dodajygyna degirdi. Çaga öňküdenem beter aglady. Soňam, hawa soňam tamşanjyrap, ýuwaş-ýuwaşdan aglamasyny kessi…

Toprakdan ene süýdüniň hemem güýz gününiň ysy gelýädi.

* * *

Han-ha ene, göwsi bilen goraglan topragynyň üstünde ýuwaşja ýöräp barýar. Onuň ene ýüregi – bütin dünýäni birleşdiresi gelýän uly ýürek bolsa, öz aýdymyny aýdýar.

 Şo gidip otursaň, gidip otursaň,

Çagamam kükregimiň üstünde össe…

Aýal yzyndan birzatlar diýip gygyrdy. Kasandra onuň şeýle sözleri aýdanyny uzakdanam eşidýärdi.

– Gör, uruş nähili, adamy ene süýdündenem ýüzüni öwürdý-ä.

Kasandra gyzjagazynyň ýüzüne seredip gidip barýady. Ýol-ýoda hiç zat ýokdy. Bar ýer çukanak-da-çukanak. Weýrançylyk. Uruş bolan ýerde hemişe şeýle bolýar. Yzda galan durmuşam edil şonuň ýalydy. Öňde bolsa garamtyl bulutlaryň arasyndan Günüň aksöwult şöhlesi Nusaý galasyna çalaja ýalkym salýardy.

                                                                                       Öwezmyrat ÝERBENDI.

Ýene-de okaň

Ýazyň gyşa öwrülen güni

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)