SIZDEN GELENLER

“Her eşýanyň özüne öz owazy bolar geň”

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diýleninde ilkinji nobatda göz öňüňe gelýän, ýa- da “owazy eşidilýän” şygyrlardan biri bolan, “Gelse nowruz äleme” atly şygrydyr. Magtymguly Pyragy diýilende ilkinji nobatda türkmen halky göz öňüňe gelýär. Türkmeniň milli dünýäsi, onuň gadymy geçmişine bolan sylagy, sarpasy, hormaty göz öňüňe gelýär. Şol sebäpden – de onuň şygyrlarynda ýokary hilli aýratynlyk “türkmen owazy” ýaňlanyp, setirleriň her gapdalyndan çykýan owaz, milli agrama eýe bolýar.Nowruz ata-baba hormat goýulyp, bellenilýän baýram. Onuň şanyna şygyr ýazmak her şahyryň ýüreginiň däbi ýaly bir zada öwrülip giden bolmaly. Emma Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki nowruza garaýyş bolsa, filosofik äheňler bilen, ýeriň damaryndan, arşyň kemerine çenli ädimme- ädim gidip barýan nepis bir aýak yzyna meňzeýär. “Ýere ýyly girip, togsan dolanda” –ýagny fewral aýynyň aýaklaryna bu ajaýyp pursatlara şaýat bolýan adamzat tebigatyň şanly baýramyna öz peýwagtyna şaýat bolmaga mümkinçilik tapýar. Çünki tebigat öz gujagynda, ajaýyp depelerde, gollarda, çöllerde ýaşyl maýsany ýazyp, onuň üstünden dürli gülleri “gülläp” çykýar. Bu bolsa, tebigatyň sazlaşygyny oýaryp, Pyragynyň goşgusyndaky jümleler bilen öz barlygyny subut edýäne meňzeýär:

-Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,

Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda,

Bijanlar jana girip, açarlar dahan peýda,

Gögermedik giýalar, gögerip rowan peýda,

Ederler haýwanatga hem sud- u zyýan peýda,

Ýer ýüzünde ýaýylyp, ýörürler nahan peýda,

Bu beste dahan guşlar, kylarlar zyban peýda – diýilmesi, bir pursadyň içinde baharyň kartasyny çekmek, söz bilen bina edilen bu ajaýyp suraty göz öňüňe getimesi şahyryň ezber galamyndan çykýan jümleleriň jadyly owazy goşgyny her gezek okanyňda täze bir mana eýe edýär.Elbetde, türkmeniň tebigatynyň dagynyň- depe- düzüniň gözelliginiň bahar aýlarynda bulak bolup akmagy, onuň owadan dünýäsindäki barlygyň “gözüni gamaşdyrýar”

Çöl tarapyn berk edip, der açar suwa harçen,

Zemin sebzezar olup, teninden aýrylyp zeň,

Her eşýanyň özüne öz owazy bolup geň,

Sebze içre sandywaç ýüz tilde kylyp äheň,

Zemin hyzyrpuş olup, gül bitirmiş reňbe- reň,

Hyruja gelip älem, kylarlar pygan peýda… Bu jümleleri okanyňda tebigatdaky ähli janl-u- jandarlardan ses çykýan ýaly. Olaryň arasyndaky beýik bag- sapak bir- birini dartyp, bir- birine ýaşaýyş berýän ýaly, göz öňüňe gelýär. Diýeli otlar guşlary, guşlar bulutlary, bulutlar ýagyşlary, ýagyşlar kömelekleri- kömelekler kebelekleri- kebelekler bolsa, ynsanyň kalbynda täze bir bahary döredýän gülleri… Ine, şeýdip tebigatyň arasyndaky beýik baglanyşyk ýüze çykýar. Sanlyja wagtdan tebigatyň ýüzi bahara, bu gözelligi synlan her bir adam onuň gelişini beýik heýjan bilan bekleýär.

Surur-u seda birle, jahan ýüzi abatdyr,

Olma surura magrur, paýanasy bibatdyr,

Hak yşkyndan zinde jan, biliň baky haýatdyr,

Her tende ki yşk olmaz, ruzy- ezel mematdyr,

Ýaz ötünçä ýer-u gök, günden – güne zyýatdyr,

Bir haşry-kyýamatdyr, bir ýowmy – arasatdyr,

Däher içre bolar her dem, jahan içre jan peýda…

Kämil poeziýanyň, kämil galamyndan binýat bolan eseriň jümmüşinde daş- töwerek bilen bagly syrly tebigy hadysalar bilen bir hatarda baharyň ýakynlaşmagyny her gyş isleýän adamzadyň bahara bolan söýgüsini oýarmaga çalyşýan bu şygyr, iň ýokary makamlara eýedir. Çünki şygyrda jan, ruh, kämillik hem- de millilik bar. Olaryň ählisi birleşýän ýerde- de hakyky poeziýa bar. Magtymguly Pyragy geçmişiň nusgawy şahyry bolmak bilen bu günki gün hem ondan öwrenmäge zadyň juda köpdügini ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklar hem şaýatlyk edýär. Pyragy türkmeniň göz- guwanjydyr.

Jemile Ataýewa

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty