JEMGYÝETSENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (25-31-nji ýanwar)

2021-nji ýylyň 25-31-nji ýanwary aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03-20.04)

Ýyldyzlar bu hepdäniň wakalarynyň hamallaryň durmuşynda maliýe ýagdaýynyň gowulanmagyna, wezipesinde beýgelmegine, telekeçilik we jemgyýetçilik işleriniň ýaýbaňlanmagyna itergi berjekdigini duýdurýarlar. Hamallar çendenaşa ýadamaly däldirler. Öz öňlerinde maksat goýup, ynamly hereket eden hamallar hepdäniň ahyrynda gowy netije gazanarlar.

Sowur (öküzçe 21.04-20.05)

Bu hepdede sowurlaryň saglyk ýagdaýy juda gowy bolar. Geljek hepdede olaryň maliýe-üpjünçilik ýagdaýlary hem ozalkylardan has gowulaşar. Hepdäniň dowamynda sowurlaryň köpüsiniň iş bilen gümra bolup, maşgala durmuşlaryndan biraz ünsleri sowlar. Bu ýagdaý maşgala gatnaşyklarynda düşünişmezlige eltip biler. Emma tizara bu sowallaryň oňyn çözgüdi tapylar.

Jöwza (ekizekler 21.05-21.06)

Bu hepdede jöwzalaryň durmuşynda täze dostlar, tanyşlar peýda bolar. Olar bilen başlan her bir işiňiz rowaçlanyp, täze-täze üstünliklere getirer. Hepdäniň dowamynda işde-de, maşgalada-da sazlaşyk, hoşniýetlilik höküm sürer. Serişde, algy-bergi meselelerinde-de howlukmaň. Irginsiz çekilen zähmetiň netijesine garaşyň. Girdeji girjek günler siziň öňüňizde.

Seretan (leňňeç 22.06-22.07)

Seretanlar üçin bu hepde diýseň gyzgalaňly geçer. Garaşylmadyk wakalara baý bolan şowly pursatlar siziň şatlygyňyza şatlyk goşar. Hepdäniň birinji ýarymynda size döredijilikde, telekeçilikde, iş orunlarynda ösmäge täze mümkinçilikler, başlangyçlar dörär. Ýyldyzlar olara serlerine gelen pikirleri derhal durmuşa geçirmäge gyssanmazlygy duýdurýarlar.

Eset (ýolbars 23.07-23.08)

Bu hepdede esetler esasy ünsi maliýe, pul meselelerine bererler. Hepde ýekelikde we bilelikde işleri ýöretmek üçin amatly hepdeleriň biridir. Esetleriň geljekki maddy hal-ýagdaýy, gelen netijelerine, saýlap alan ýollaryna bagly bolýar. Ýyldyzlar esetlere ähli çykdajylaryny berk gözegçilikde saklan ýagdaýynda girdeji gazanyp biljekdigini duýdurýarlar.

Sünbüle (gyz 24.08-23.09)

Bu hepde sünbüleler saglygyna öňküdenem gowy seretmelidirler. Olar özlerini takatly alyp bararlar, olaryň oýlanyşyklylygy, salyhatlylygy köpleriň göwnüne ýarar. Hepdäniň birinji ýarymynda ýyldyzlar sünbülelere işlerini öz akymyna goýbermezligi sargaýarlar. Her bir işe ynamly we gaýratly ýapyşyň. Şeýle etseňiz siziň ähli işleriňiz ugruna bolar.

Mizan (terezi 24.09-23.10)

Bu hepde mizanlar üçin has şowly bolar. Hepdäniň dowamynda wakalar örän uly mana eýe bolup, mizanlaryň ykballaryna düýpli täsirini ýetirer. Bu hepdäniň ortalarynda mizanlaryň maliýe meseleleri doly çözüler. Maddy-üpjünçilik ýagdaýlary wezipe borçlaryndaky özgerişliklere görä has-da ýokarlanar. Dynç alyş günlerini maşgalaňyz bilen geçirmegi unutmaň.

Akrap (içýan 24.10-22.11)

Bu hepde akraplar üçin gyzykly we bähbitli taslamalara baý bolar. Taslamanyň üstünde yhlas bilen işleseler hepdäniň ikinji ýarymynda uly girdejä garaşyp bilerler. Täleýnama görä, hepdäniň başynda akraplara iş, hünär orunlarynda ösüşler, üstünlikler garaşýar. Şeýle hem hepde işewürlik gatnaşyklaryny, hyzmatdaşlygy ösdürmekde amatlydyr.

Kowus (keman 23.11-21.12)

Bu hepdede kowuslaryň tanyşlary köpeler. Duşuşyklar bolar. Ýyldyzlar olara ömürlik ýanýoldaş saýlanlarynda seresap bolmagy duýdurýarlar. Bu hepdede aladalar köpeler. Sabyrly we kanagatly hereket ediň, üstünlik gazanarsyňyz. Şeýle hem boş wagtyňyzda gezelenç etseňiz we kitaplary köpräk okasaňyz geljekki işleriňize uly ýardam berer.

Jedi (owlak 22.12-20.01)

Bu hepde jediler üçin örän işjeň ýagdaý bolar. Muňa garamazdan ýyldyzlar bu belgide doglanlara hepdäniň dowamynda ýakymly tanyşlygy we iş, hünär orunlarynda öňegidişlikleri, üstünlikleri wada berýär. Hepdäniň ahyrynda jediler köpçüligiň hormat-sylagyna mynasyp bolarlar. Olaryň işdeş ýoldaşlarynyň arasynda abraýy artyp, gazançlary hem köpeler.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Hepdäniň başynda daluwlaryň maliýe ýagdaýlary durnukly bolar. Ýakymly pursatlaryň ençemesi dörär. Hepdäniň başynda döredijilik bilen meşgullanýan daluwlar täze eserleri, aýdym-sazlary dörederler. Şeýle-de, hepde wezipede beýgelmek, şahsyýet hökmünde kämilleşmek ýaly işlere baý bolar. Hünäriňizi kämilleşdirmäge köpräk wagt sarp ediň.

Hut (balyk 21.02-20.03)

Bu hepdede hut ýyldyzynyň astynda doglanlar söwda işlerini giňeldip, täze şahamçalary açyp, köp girdeji alyp bilerler. Täleýnama görä, öňümizdäki hepdede hutlaryň maşgala gatnaşyklary ruhubelentlige beslener. Iş, wezipe orunlarynda hutlar juda sabyrly bolmalydyrlar. Sabyr-takat sizi köp çekişmelerden, dawalardan gorar.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Ja­ny­ňyz sag, iş­le­ri­ňiz ug­ru­na bol­sun!

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär