2021-nji ýylyň 06-12-njy noýabr aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Siziň maddy üpjünçiligiňiz bu hepde has gowulaşar. Girdejili söwda edip bilersiňiz, karzlary tygşytlap ýa-da ýapyp bilersiňiz. Maşgala bilen gatnaşyklar birneme erbetleşer. Jedellerden gaça durmaga we ýaraşmak üçin ähli zatlardan peýdalanmaga ilkinji bolup özüňiz synanyşyň. Bu aragatnaşygyňyzy gowulandyrmaga kömek eder.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Täze gözlegler, açyşlar üçin iň amatly döwür. Durmuşa bolan garaýşyňyza täzeden serediň. Belki, bir gün göwnüňize degen adamlardan ötünç soramagyňyz gerekdir. Sizi ýaralaýan bir zady ýatdan çykarmak üçin uly bir mümkinçilik bar: ondan gaça durmak üçin çyndan göreşiň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Ýaltalyk bu hepdäniň dowamynda sizi başagaý eder. Şol sebäpli-de işde we maşgalada gapma-garşylyklar ýüze çykyp biler. Uzak syýahat indi islenilmeýär – ony başga bir wagta geçiriň. Bu döwür şikes almak ähtimallygyňyz uly. Gaty seresap boluň!
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Ýakyn adamlaryň size berjek maslahatyny diňlemek häzirki wagtda peýdaly bolup biler. Maddy meseleler ýüze çykanda, olaryň üstünde durmajak boluň. Puluňyzy tygşytly saklamagy we hakykatdan-da gerek zatlara sowmagy başaryň. 19-njy dekabrda seresap bolmaly: aldanyp bilersiňiz!
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Soňky döwürde sizi ukudan alyp galýan mesele ahyrsoňy üstünlikli çözüler. Ýöne söýgüli adamyňyzyň göwnünden turmak asla mümkin däl. Onuň bilen düşünişmezlikler bolar. Has köp dynç almaga synanyşyň we iş hakda az pikirleniň. Bu hepde size işden birküç gün rugsat almak maslahat berilýär.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Hepdäniň başynda size ýakymly, garaşylmadyk täzelik gelip biler. Emma olaryň ählisi sizden has köp işlemegi we wagty talap eder. Hepdäniň ortalaryna pikirleriňize gümra bolmagyňyz özüňizi ählitaraplaýyn işe gönükdirmegiňize päsgelçilik döreder. Başlyklar nägile bolarlar. Size ýalňyşlyklaryňyzy uzak wagtlap düzeltmek zerur bolar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Ýyldyzlar size töweregiňizdäkilere bil baglamagy maslahat bermeýärler. Bu döwürde başlanan islendik möhüm taslamalar şowsuzlyk töwekgelçiligini döredýär. Ýöne galan meýilnamalar gaty ugruna bolmasa-da ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda ähli ýakynlaryňyz, dost-ýarlaryňyz bilen dynç almak peýdaly bolar.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu hepde eger häzirki wagta çenli romantiki duşuşyklary meýilleşdirmedik bolsaňyz, ony düzetmegiň wagty geldi! Häzirki wagta içki duýgularyňyzy beýan etmek üçin iň oňaýly döwür dowam edýär. Özüňize ideg edip bilersiňiz. Bu size uly peýda berer. Ýagny, özüňize bolan hormatyňyzy we ynamyňyzy artdyrar.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu hepde haýsydyr bir başdan geçirmelere gatnaşmak islegiňiz bolup biler. Emma ýyldyzlar duýduryş berýärler: bu zatlaryň hiç bir peýdasy ýokdur. Munuň tersine, döwür gyssagly işler we häzirki meseleleri çözmek üçin amatly. Size täze güýç gerek bolar. Häzirki wagtda köp synaglar bolar. Olara taýýarlanyň!
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Kimdir birine bil baglaýan adam garaşylmadyk ýagdaýda şowsuzlyga uçrap biler. Öňünden başga bir howa meýdançasyny taýýarlaň. Bu döwürdäki duýgular öňküden-de has ýitileşer. Ýakynlaryňyzyň göwnüne degmäň. Häzirki wagtda sport zalyna gitmek ýa-da ylgamak has gowudyr.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Täze tanyşlar indi diýseň ýakymly we uzakmöhletleýin boljakdygyna söz berýärler. Bu wagt öýde oturmaň – dostlaryňyz bilen ýygy-ýygydan duşuşyň, medeni çärelere gatnaşyň. Iş ýerinde kärdeşler bilen çaknyşyk bolup biler. Bitaraplygy saklamak arkaly dawalaryň öňüni alyp bilersiňiz.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Ähli işleriňizi şu hepde tamamlamaga synanyşyň. Çünki biraz soňra bu zatlar üçin hiç hili wagtyňyz bolmaz. Sizi ýakyn adamyňyz geň galdyryp biler. Emma siz her kime gowy tarapdan jogap bermäge taýyn boluň. Sowukganly boluň we dawa-jenjellere gatyşmajak boluň.
Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!
Janyňyz sag, işleriňiz ugruna bolsun!