JEMGYÝETSENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (1-7-mart)

2021-nji ýylyň 1-7-nji marty aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03-20.04)

Bu hepde hamal ýyldyzy astynda doglanlar saglyk meselelerine aýratyn üns bermelidirler. Bu hepdede siziň alyp barýan işleriňize üýtgeşmeler girer we sizi has gujurly we has işjeňleşdirip biler. Alňasamaly däl. Maliýe meselelerinde duýdansyz ýakymly mümkinçilikler esasynda goşmaça tölegler amala aşyryp bilersiňiz.

Sowur (öküzçe 21.04-20.05)

Bu hepdede hünäriňiz bilen baglanyşykly meseleler boýunça işler alyp barmagyňyz mümkin. Bu bolsa sowurlara maliýe taýdan peýdaly bolar. Dürli gatnaşyklarda, esasanam söýgi meselesi barada aýdylanda bolsa oňyn netijeler garaşylýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda käbir oňyn ösüşler size garaşýar. Gepleşikleriňize üns bermek peýdalydyr.

Jöwza (ekizekler 21.05-21.06)

Bu hepde jöwzalar başagaý bolarlar. Öýde-de bolsa belli bir işler bilen gümra bolup, işli bolup biler. Şeýle-de bolsa bu amalda saglygyňyza ideg etmek peýdalydyr. Gatnaşyklaryňyzy üns bermäge synanyşyň. Bu hepdede işleriňizi belli bir tertipde alyp barsaňyz, oňat netijeleri gazanyp bilersiňiz. Işleriňizi bir ýan-ýüzli edip dynç almak maslahat berilýär.

Seretan (leňňeç 22.06-22.07)

Bu hepdede seretanlaryň durmuşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda gowy ösüşler garaşýar. Ýöne sabyrly boluň, bu döwür gyzykly wakalara baý bolar. Maliýe meselesinde möhüm başlangyçlar garaşýar. Hepdäniň ahyrynda birneme hojalyk işleri bilen başagaý bolup bilersiňiz. Emma muňa garamazdan bu işleri howlukman amala aşyrmak maslahat berilýär.

Eset (ýolbars 23.07-23.08)

Bu hepde esetler öz maşgalasy bilen baglanyşykly kynçylyklary çözüp biljekdigini ýyldyzlar duýdurýarlar. Eset ýyldyzy astynda doglanlar maliýe meselelerinde has gowy ösüşler gazanmagy mümkin. Şol sebäpli, bar bolan zatlaryňyzy töwekgelçilikli ýerde däl-de, oňyn ýerde ulanmak maslahat berilýär. Saglyk ýagdaýyňyz adatdakylar ýaly gowy.

Sünbüle (gyz 24.08-23.09)

Bu hepde sünbüle ýyldyzy astynda doglanlaryň saglyk we pul meselesinde seresap bolmak maslahat berilýär. Hepdäniň ahyrynda sport bilen meşgullanyp saglyk hakda oňyn hereket maslahat berilýär. Bu döwürde kärdeşleriňiz ýa-da daşky gurşawyňyz bilen has köp aragatnaşykda bolmak, taslamalar döretmek we bir toparda bolmak peýdalydyr.

Mizan (terezi 24.09-23.10)

Mizanlar üçin bu hepdäniň mowzugy pul we söýgi bolup biler. Bu ikisi babatda mizanlar gyzykly wakalary başdan geçirip biler. Esasanam maliýe meseleleri peýda getirip biler. Teklipler ýa-da täze pikirler peýda bolup biler. Maşgala bilen baglanyşykly meselelerde hem gowy wakalary başdan geçirip bilersiňiz. Maşgala ýaşulularyna maslahatlarynda aýratyn üns beriň.

Akrap (içýan 24.10-22.11)

Bu hepde esasanam ýaş akraplar üçin şowly bolup biler. Ýyldyzlara görä, bu hepde söýgi hepdesi diýip hem atlandyrylyp bilner. Gowy, ýakymly wakalar bolup biler. Mundan başga-da, perzentli akraplar, çagalary bilen baglanyşykly oňyn ösüşler bolup biler. Mundan başga-da, maşgala gatnaşyklarynda birneme sabyrly bolsaňyz, aýyň ahyryna çenli dartgynlylyk we kynçylyklar aýrylyp gider.

Kowus (keman 23.11-21.12)

Mart aýynyň birinji hepdesinde kowuslar üçin maşgala we emläk bilen baglanyşykly wakalar bolup biler. Bu meseleler hepdäniň dowamynda oňyn çözüler. Saglyk meselesi babatynda aýdanymyzda bolsa, kowuslar öňümizdäki hepdeden aň (beýni) saglygyna aýratyn üns bermelidirler. Bu barada öňünden alada etmeklik, gowy netijeleri berip biler.

Jedi (owlak 22.12-20.01)

Bu hepde jedi ýyldyzy astynda doglanlaryň maliýe meselelerinde gyzykly ösüşler bolup biler. Şeýle hem bu hepde has rahat duýup bilersiňiz. Şol sebäpli dostlaryňyz, maşgalaňyz bilen dostlukly gatnaşyklarda gowy ösüşleri başdan geçirip bilersiňiz.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu hepde ikitaraplaýyn gatnaşyklarda öňe gidişiňizi görüp bilersiňiz. Pul meselesinde maýa goýumlaryna üns berseňiz gowy ösüşler size garaşýar. Esasanam hepdäniň ortalarynda bazarlara çykyp, özüňize gerek zatlary alyp, wagtyňyzy şadyýan geçirip bilersiňiz. Bu babatda maddy ýagdaýy hem göz öňüne tutmagy unutmaly däl.

Hut (balyk 21.02-20.03)

Bu hepdede hut ýyldyzy astynda doglanlar esasanam bilim we täjirçilik meseleleri siziň ünsüňizde bolmaly. Gowy ösüşler we mümkinçilikler şu hepde öňüňizde bolup biler. Bu hepde özüňiz we ýakynlaryňyz üçin geljekki meýilnamalary düzmegiň dogry wagtydyr. Edil şonuň ýaly-da, geljege dogry göz ýetirseňiz, geljekde maddy taýdan uly ösüşler gazanyp bilersiňiz.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Ja­ny­ňyz sag, iş­le­ri­ňiz ug­ru­na bol­sun!

 

Şäherara gatnawlarda hoş habar: Gatnawlar synag hökmünde başlaýar

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Türkmenistan-Germaniýa gatnaşyklary: sanlar we maglumatlar

«Kudo Kudo» türk fastfud restorany: Aşgabatda täze şahamçasyny açdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistanda Germaniýa hödürläp boljak teklipler bar

Türkmenistanyň Prezidenti german işewürleriniň bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Liderleri we Germaniýanyň Kansleriniň bilelikdäki beýanaty