Türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri alabaý itleridir. Ata-babalarymyz türkmen alabaýlaryny idetmäge has gadymy döwürlerden başlapdyrlar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan it süňkleriniň galyndylary hem şaýatlyk edýär.
Garaşsyz Diýarymyzda türkmen alabaý itleriniň nesillerine aýratyn üns bilen garalýar, olar halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanýar. Her ýyl ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenip geçilmegi, paýtagtymyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň baş binasynyň, «Türkmen alabaýy» ýadygärlik binasynyň, welaýatlarymyzda türkmen alabaý itleriniň merkezleriniň açylyp ulanmaga berilmegi olara goýulýan ýokary sarpanyň aýdyň mysalydyr.
Bulardan başga-da, ýurdumyzda türkmen alabaýlaryna eýeçilik gözi bilen garap, olary özüniň wepaly ýoldaşy hasaplaýan itşynaslara «Türkmenistanyň halk itşynasy», «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlaryň berilmegi, her ýyl geçirilýän bäsleşikde ýeňiji bolan alabaýa «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» medalynyň berilmegi türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan alabaýlara goýulýan hormatyň nyşanydyr.
Ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň at-owazasyny dünýä ýaýmakda hem birnäçe halkara we döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Milli buýsanjymyz bolan arassa ganly alabaý itlerine ideg etmek, olary köpeltmek hem-de terbiýelemek, bu ugurda toplanan tejribäni kämilleşdirmek, alabaýlaryň gymmatly genofonduny kemala getirmek, ylmy we seçgiçilik işlerini yzygiderli geçirmek ugrunda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda şeýle bellenýär: «Türkmen alabaýy bolsa wepalylygyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamatydyr. Halkymyz öý-ojagynyň, mal-mülküniň goraglylygyny öz hemdemi bolan alabaýyna ynanyp, köňül rahatlygyny onuň bilen paýlaşýar. Sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň alamatlarynyň ruhy gözbaşynda türkmen alabaýy bardyr».
Kitapda alabaý itleriniň türkmen halkynyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän orny barada gürrüň berilýär. Bu eserde dünýäde giň meşhurlyga eýe bolan alabaýlaryň tohumynyň gelip çykyşy barada köp ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglar, oýlanmalar, taryhy we edebi maglumatlar giňişleýin beýan edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde soňky ýyllarda diňe ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinde türkmen alabaý itleriniň muşdagy köpelýär we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz dürli ýyllarda türkmen bedewlerine, türkmen halysyna, aýdym-saz sungatyna, medeniýetine, umuman, milli gymmatlyklarymyzyň ençemesine ýörite eserleri bagyşlady. Türkmen alabaýy hakyndaky kitap milli aýratynlyklarymyza belent sarpanyň nobatdaky güwäsidir.
Türkmen alabaýyny yzygiderli köpeltmek, halk seçgiçilik usulyny hem-de milli itşynaslyk mekdebini giňden peýdalanyp, halkara derejesine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda 2020-nji ýylyň maýynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Munuň özi halkymyzyň wepaly ýoldaşy, milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri barada edilýän aladalaryň ýurt derejesinde özüniň oňyn netijesini berýändigini subut edýär.
Bezirgen Amanow, TOHU-nyň talyby.