Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bahar paslynyň ilkinji günlerinde gülden görkli zenanlarymyzyň baýramçylygy giňden bellenip geçilýär.
Gözelligiň hem-de mähribanlygyň nusgasy hasaplanýan gelin-gyzlarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent hormata eýedir. Ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň döwlet derejesinde uludan baýram edilmegi ak saçly enelerimize we mähriban gelin-gyzlarymyza goýulýan belent sarpaň nyşanydyr.
Şu günler ata Watanymyzyň ähli edara-kärhanalarynda, şeýle hem ýokary we orta okuw mekdeplerinde, çagalar baglarynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan toýdur baýramlar uly dabara beslenýär.

Zenan gözelliginiň baýramçylygyna bagyşlanyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynda baýramçylyk konserti geçirildi. Aýdym-saz sungatynyň baýry ýokary okuw mekdebiniň fortepiano kafedrasynyň uly mugallymy hem-de kompozitory Şemşat Amannepesowanyň guramaçylygynda geçirilen konsert türkmen zenanlarynyň özboluşly waspçysy bolup ýaňlandy.
Şemşat Amannepesowanyň ýekelikde hem-de talyplaryň ýerine ýetirmeginde türkmen we daşary ýurtly kompozitorlaryň eserleri ýaňlandy. Konsert maksatnamasyna laýyklykda, türkmen, rus, ispan, polýak, italýan meşhur kompozitorlarynyň eserlerine orun berildi.
Türkmen Milli konserwatoriýasynda ussat hem-de tejribeli mugallymlardan tälim alýan talyplardan Nurberdi Hojaýew, Aýsoltan Samedowa, Gyrmyzy Bäşimowa, Feride Klyçewa, Dinara Babajanowa, Muhammet Welanow, Güljemal Mülkiýewa we Daýanç Gutlyýew dagylar türkmen kompozitorlaryndan B.Hudaýnazarowyň, N.Halmämmedowyň, S.Rahmaninowyň, daşary ýurtly kompozitorlardan P.I.Çaýkowskiniň, M. Defalýanyň, F.Şopeniň, A. Skrýabiniň ajaýyp hem-de meşhur sazlaryny ussatlyk bilen ýetine ýetirip, konserte tomaşa etmäge gelenleriň göwünlerini göterdiler.
Konsertde ýaňlanan gaýtalanmajak we ýakymly owazlar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kiçi zalyny dolduran ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplarda, sungat söýüjilerde hem-de gatnaşyjylarda ajaýyp duýgulary emele getirdi.
Umuman, konsertiň dowamynda dünýä we türkmen nusgawy sazlarynyň iň kämil eserleri ýaňlandy. Sahna çykan ýaş zehinler hem öz gezeginde çykyşlaryny zenan kalbynyň näzikligine, eneleriň mukaddesligine we baharyň gözelligine bagyşladylar.
Mahlasy, şu günler ajaýyp baýramçylyk mynasybetli dabaraly çäreler Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Göwünleri bahar ýaly mylaýym enelerimiziň, gelinlerimiziň hem-de gyzlarymyzyň şanyna ýakymly sözler aýdylýar, aýdymlaryň owazy belentden ýaňlanýar. Goý, durmuşymyzyň görki, dünýämiziň durky bolan mähriban zenanlarymyzyň nurana ýüzi mydama gülüp dursun! Zenanlarymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Türkmen zenanlarynyň abadan durmuşy we dürli ugurlarda zähmet çekmegi üçin oňaýly şertleriň döredilýändigi, ýaş nesil barada alada edilýändigi we halkymyzyň ruhy ahlak gymmatlyklarynyň baýlaşdyrylýandygy üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.
