Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda dünýä edebiýatynyň altyn sahypalaryny taryhy eserleri, nowellalary, şeýle-de goşgudyr – poemalary bilen bezeýän şahyrlarymyz , ýazyjylarymyz, umuman alanyňda edebiýat äleminiň ussatlary sanardan gaty kän. Ylmy maglumatlaryň berýän habaryna görä, dünýäde 150-200 müňe golaý ýazyjylaryň bardygy we olaryň ýiti galamynyň ujundan 150-ä ýakyn dürli dillerde çeper, taryhy eserleriniň döreýändigi anykdyr. Bu anyk maglumatlardan ugur almak bilen edebiýat äleminiň ussatlarynyň işiniň ýeňil däldigini aýtmak bolar. Şeýle-de olaryň bu ýeňil bolmadyk işleriniň has hem sylag – hormata mynasypdygyny göz öňüne tutmak arkaly, Halkara ýazyjylar güni döredildi. Şu ýerde onuň taryhy hakynda biraz gürrüň etsek ýalňyş bolmaz. Bu ähmiýetli halkara gününiň bellenilmegi hakyndaky karar “PEN” kluby, ýagny, edebiýatyň dürli žanrlarynda zähmet çekýän ussat ýazyjylary bir ýere jemleýän halkara guramasy tarapyndan 1986-njy ýylyň 12-18 ýanwarynda geçirilen 48-nji mejlisinde öz beýanyny tapdy. Bu halkara gurama 1921-nji ýylda Londonda esaslandyrylypdyr. (Guramanyň ady bolsa iňlis sözi bolan Poets – Ýazyjylar, Essayists – Oçerk ýazyjylary we Novelists – Roman ýazyjylary sözleriniň gysgaltmasy esasynda emele gelipdir.) Guramanyň birinji prezidenti Djon Golsworsidyr. Guramanyň döredilen wagty onuň düzüminde dünýäniň 11 ýurdy agza bolan bolsa, häzirki wagtda onuň düzüminde 130 agza ýurt hereket edýär. Guramanyň düzgünnamasynda hem ýazylyşy ýaly, bu halkara gurama – her bir ýurduň çäginde we ýurtlaryň arasynda maglumatlaryň, eserleriň we neşirleriň azatlygyny goramak boýunça çykyş edýär.
Halkara ýazyjylar güni häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlarynda bellenilýän ähmiýetli halkara günleriniň biri. Ýazyjylaryň bir ýere jemlenmegi bilen bu ähmiýetli halkara baýramçylygyna bagyşlanyp, olara halkara derejesindäki dürli baýraklar gowşurylýar.
Şu ýerde bir zady belläp geçmek ýerlikli bolar. Ata Watanymyz Türkmenistan hem XVIII asyr filosofy we görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly ýubileý toýuna uly taýýarlyk görýär. 2024-nji ýylda bellenilip geçiljek bu şanly senä türkmen halkymyz eýýämden uly depginler bilen taýýarlyk işlerini alyp barýar. Akyldar şahyrymyza bagyşlanyp durmuşa geçirilýän ägirt taslamalaryň biri hem – gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde boýy 60 metr bolan Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň gurulmagydyr. Bu ägirt we ähmiýetli taslamanyň jogapkärçiligini bolsa Türkmenistanyň halk nakgaşy, heýkeltaraş Saragt Babaýew öz üstüne aldy. Ýakyn wagtda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary bu ägirt heýkeliň açylyş dabarasynyň tomaşaçylary bolar.
Tawus Ballyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby.
Antoniu Guterriş: Türkmenistana yzygiderli tagallalary üçin minnetdarlygymy bildirýärin