DÜNÝÄ

Halkara guramalar Arkadag şäherine gyzyklanma bildirýär

Halkara guramalar täze döredilen Arkadag şäherine gyzyklanma bildirýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web saýtynda bellenip geçilýär. Habar berlişine görä, 2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi B.Durdyýew bilen Ählumumy «Ýaşyl ösüş» institutynyň (GGGI) Baş direktory Frank Rijsbermanyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar GGGI bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda daşky gurşawy goramak hem-de ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmek ýaly geljekki taslamalary we maksatnamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Ekologiýanyň goralmagyna hem-de tebigy gorlaryň netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen halkara işlerinde Türkmenistanyň işjeň we möhüm orun eýeleýändigi bellenilip geçildi.

Hususan-da, duşuşygyň dowamynda Ilçi B.Durdyýew GGGI wekillerine Arkadag şäheri barada giňişleýin gürrüň berdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly tagallalarynyň netijesinde gurulan täze «akylly şäheriň» konsepsiýasy häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribelerini utgaşdyrylyp, şol bir wagtda bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleri ulanylyp, şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin «akylly» wideogözegçilik ulgamlary, şeýle-de maglumat hem-de aragatnaşyk tehnologiýalary sanly ulgam arkaly dolandyrylar we ekologik taýdan arassa elektrobuslar, elektromobiller hereket eder diýip habarda bellenip geçilýär.

Ahal welaýatynyň Arkadag şäherindäki binalaryň we desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleriň we gurluşyk materiallaryň ulanylmagy, GGGI-nyň alyp barýan maksatnamasyna doly gabat gelýär we bu gurama Arkadag şäherine uly gyzyklanma bildirýär.

Bellemeli zat, GGGI-nyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu guramanyň çäklerinde ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmekligi meýilleşdirýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy

Donald Tramp dünýä klublary çempionatyň final duşuşygyna gatnaşar

Gazagystan Turgundy-Hyrat demirýol gurluşygyna maýa goýýar

Türkmenistanyň ilçisi Serbiýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Ilon Mask syýasy partiýa döredýär