BILIM

Halkara gatnaşyklary instituty Wenanyň diplomatik akademiýasyna agza boldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiň Wenanyň Diplomatik Akademiýasynda Diplomatik okuwlar boýunça Halkara forumyna agza bolandygyny ykrar edýän resmi hatyň gowşurylmagy mynasybetli tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, milli diplomatiýanyň ýokary mekdebiniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 10 — 12-nji martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran gulluk iş sapary, geçirilen duşuşyklar ýokary netijeliligi bilen tapawutlandy. Gulluk iş saparynyň dowamynda Wenanyň Diplomatik Akademiýasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna Diplomatik okuwlar boýunça Halkara forumyna goşulmagy barada Resmi hat gowşuryldy.
Ýeri gelende bellesek, milli diplomatiýanyň ýokary mekdebiniň uçurymlary hökmünde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda zähmet çekýän ýaş diplomatlaryň birnäçesi Wenanyň Diplomatik Akademiýasynyň tomusky kurslarynda hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler. Hususan-da, olar «Halkara guramalarynyň çäklerinde gepleşikleri geçirmek», «Ýewropa we halkara gatnaşyklary» ugurlary boýunça bu ýerde bilimlerini kämilleşdirdiler. Olaryň tanyşdyryş maslahatynda geljekki kärdeşleri bolan ýaş diplomatlara beren gürrüňleri has-da täsirli boldy. Şeýle hem maslahatda çykyş eden milli diplomatik gullugyň wekilleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň geçen ýyllaryň dowamynda Wenanyň Diplomatik Akademiýasy bilen hyzmatdaşlykda oňyn tejribe toplandygyny, ýokarda ady agzalan Halkara forumyň bolsa dünýä diplomatiýasynda gazanylan tejribeler, diplomatiýa ylmynda öňde duran wezipeler we özara hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan binýady bolup hyzmat edýändigini aýratyn bellediler.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, bu Halkara forum 1972-nji ýylda döredilip, şondan bäri 56 döwletden ökde halkara hünärmenlerini taýýarlamak üçin ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleri we akkreditlenen institutlar onuň agzalygyna kabul edildi. Häzirki wagtda dünýäniň 85 sany ýokary okuw mekdebi bu Forumyň agzasy bolup durýar. Oňa goşulmak bilen, dünýäniň diplomatik ýokary okuw mekdepleri bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliginiň döreýändigini hem bellemek gerek.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary