JEMGYÝET

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisi geçirildi

Paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi. Mejlise  “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem gatnaşdy.

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu forum mähriban halkymyzyň milli gymmatlygyny, onuň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşandy bolan meşhur ganatly bedewlerini wagyz etmäge ýardam edýän möhüm ähmiýetli wakadyr.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda,  assosiasiýanyň alyp barýan işiniň netijeleri baradaky hasabatlara seredildi hem-de arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, dünýädäki şan-şöhratyny ýokarlandyrmak, atşynaslyk sungatyny we atly sporty halkara derejede ösdürmek boýunça tutanýerli işleri alyp barýan assosiasiýanyň türkmen we daşary ýurtly agzalaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky Permanlara gol çekildi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine şu ýyl on iki ýyl dolýar. Şu döwrüň içinde gurama ýurdumyzdan we dünýäniň ençeme döwletinden ýuridik we fiziki şahs agza bolup durýar. Geçen döwürde assosiasiýanyň agzalarynyň alyp baran işleriniň netijesinde, ahalteke bedewleriniň we olaryň muşdaklarynyň sany artdy.

Şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisini 2023-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirmek bellenildi we degişli çözgüde gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşar

“Ata Watan Media” reklama hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti “ABŞ-Merkezi Aziýa” sammitine gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini ABŞ-a çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen-italýan işewürlik forumyndaky ÇYKYŞY