JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherindäki metjidiň gurluşygynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň metjidiniň gurluşygyna badalga berlen ýerine geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň garamagyna birnäçe şekil taslamalary görkezildi.

Bu ýerde paýtagtymyzyň Köpetdag şaýoly bilen Arkadag şäheriniň Akhan şaýolunyň çatrygynyň merkezinde oturdyljak özboluşly binanyň şekil taslamasy möhüm orun eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, taslamany synlap, oňa birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Halkalaýyn aýlaw ýoly bolan çatrygyň çäklerindäki desgalar bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir. Onuň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylmalydyr.

Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäheriniň metjidiniň, onuň degişli düzümleriniň binalarynyň, hojalyk desgalarynyň, metjidiň daşky hem-de içki bezegleriniň, Arkadag şäheriniň muzeýiniň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Şekil taslamalaryň hatarynda binalaryň bezeg işlerinde ulanylýan agaçlaryň we mermer daşlarynyň dürli görnüşleri bar.

Şekil taslamalary bilen tanyşlykdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda innowasion tehnologiýalar, täzeçil usullar işjeň ulanylmalydygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri, täze şäheriň häzirki zaman innowasion senagat toplumy bolan şähere öwrülmelidigine ünsi çekdi.

Şol bir wagtyň özünde şäheriň ekologiýa derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy, seýilgäh zolaklarynyň çäginiň giňeldilmegi we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän derejede bolmagy täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna bildirilýän esasy talap bolmalydyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, belledi we bu işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň hojalyk düzümlerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän ulaglaryň görnüşlerini synlady.

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär