MEDENIÝET

“Gyzyl kürte” atly çeper filmiň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky “Aşgabat” kinoteatrynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 77 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda “Gyzyl kürte” atly çeper filmiň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Ýurdumyzyň kino muşdaklarynyň köp sanlysyny özünde jemlän kinoteatryň ekranynda Beýik Watançylyk urşuna bagyşlanyp, surata düşürilen “Gyzyl kürte” çeper filmi uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem bu dabara ýurdumyzyň sungat ussatlary, ýazyjylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Dabaranyň çäklerinde döredijilik duşuşyklary geçirilip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamyna, kino sungatyna we medeni mirasymyza goýulýan belent sarpa babatda çykyşlar beýan edildi.

Goýujy režissýor Sahysalyh Baýramowyň ýolbaşçylygynda surata düşürilen bu filmde uruş ýyllaryndaky durmuş janlandyrylypdyr. “Oguzhan” adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň tarapyndan surata düşürilen bu filmde Göwher gelniň durmuşy we türkmen gelinleriniň gaýduwsyzlygy we batyrgaýlygy suratlandyrylypdyr.

Bolan wakalardan ýola çykylyp, surata düşürilen filmde adamsyny fronta, ýagny urşa iberen Göwher gelin başyna gyzyl kürtesini atyp, ömri ötýänçä ýanýoldaşyna garaşyp, ojagyny gorap oturypdyr.

80 minutlyk “Gyzyl kürte” atly çeper film ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, ýagny paýtagtymyz Aşgabatda, Bäherden etrabynda, Bokurdak, Mämmetýar we Nohur obalarynda surata düşürilip, ýowuz uruş ýyllarynda türkmen halkynyň durmuşyny beýan edýär.

Bu filmde Göwher gelniň keşbini Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji talyby Aýna Jumaýewa ýerine ýetirdi. Şeýle hem bu filmde Anna poçtalýonyň keşbini Öwez Şarlyýew we Öwekge atly çaganyň keşbini bolsa, Ibragim Baýramow janlandyrdy.

Çeper filmiň ssenariýasynyň awtorlary Öwezmyrat Berdimyradow we Atamyrat Şagulyýew.

Bu filme 9-njy maýda sagat 19:25-de “Altyn asyr” teleýaýlymyndan tomaşa edip bilersiňiz.

Kürte barada aýdylanda, enelerimiz gyrmyzy kürtäni gyzlarynyň bagtly bolmagy baradaky arzuwlarynyň beýany hasaplaýarlar. Gyzyl kürte durmuşa çykýan gyzlaryň atasy öýünden gaýyn öýüne atynyp gidýän lybasynyň biridir. Onuň gyzyl reňkinde bahar paslynyň keşbini görýäris. Al-elwan güllerini sowgat edýän baharyň gyzyl çog bolup joşýan pursatlary ynsana päkligiň, gözelligiň, görkiň hem bagtyň yşaratyny berýär.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban ejesi Ogulabat eje öz eli bilen sünnäläp bejeren kürtesini we ören gülli jorabyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurypdy.

 

 

“Awaza”: 15-nji maý – 1-nji sentýabr aralygynda dynç alnar

Ýene-de okaň

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy

Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Iňlis ýazyjy Buker baýragyna mynasyp boldy

“Gorkut ata” atly halkara kinofestiwalynda görkeziljek filmleriň MEÝILNAMASY

Ýylyň şygaryna bagyşlanan ajaýyp konsert

Ata Watan Eserleri

TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi geçiriler