DÜNÝÄ

Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirilýär

Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirilýär. Ol Aşgabat wagty bilen 17:00-da başlady. Açylyş dabarasy Pekindäki 2008-nji ýylda gurlan Milli stadionda, başgaça aýdylanda “Guş höwürtgesi” diýlip atlandyrylýan stadionda geçirilýär.

Hem tomusky hem-de gyşky Olimpiýa oýunlaryny gurnaýan ýeke-täk şäher bolan Pekin şäherindäki Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin we aýaly, Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentleri we köp sanly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary gatnaşýar.

Şeýle hem açylyş dabarasyna BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş, BSGG-niň baş direktory Tedros Gebreýesus we beýleki halkara we sebit guramalaryň ýolbaşçylary çagyryldy.

Dürli medeni çärelerden soňra Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan milli ýygyndylaryň stadiondan elleri baýrakly geçýän pursatlaryna tomaşa edildi.

Dünýä döwletleriniň milli ýygyndylarynyň baýrakly ýörişini Gresiýanyň türgenleri başlady we onuň yzysüre beýleki ýurtlar geçdi.

Umuman, bu ýaryşa 91 döwletden türgenler gatnaşýar. Olar 4-20-nji fewral aralygynda sportuň birnäçe ugry boýunça 109 medal toplumyny almak ugrunda bäsleşerler.

 

BAE 4,5 günlük iş hepdesine geçýär

Ýene-de okaň

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ynsanperwer kömegine iberdi

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov