DÜNÝÄ

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistana geler

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşar. Bu barada ýurduň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 5-6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşar.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda sebit hyzmatdaşylygy, şeýle hem koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek babatda bilelikdäki çäreler boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasy kabul ediler.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bu saparynyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Mundan başga-da, gyrgyz wekiliýeti Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwalyna gatnaşarlar.

Mälim bolşy ýaly, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanda resmi saparda bolupdy.

Bu ösümlik koronowirusyň emi bolup biler

 

Ýene-de okaň

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Ata Watan Eserleri