DÜNÝÄ

Gyrgyz Respublikasynda Prezident saýlawlarynyň netijesi

Gyrgyz Respublikasynda Prezident saýlawlary geçirildi. Berlen sesleriň 98 göteriminiň sanalmagy esasynda ýurduň Prezidenti we premýer-ministri wezipelerini öz ýerine ýetiren Sadyr Japarowyň ýeňiş gazanandygy mälim edildi. Bu barada dürli metbugat gulluklary habar berýär.

Sadyr Japarow sesleriň 79,2 göterimine eýe boldy. Bu görkezijide onuň ýeňiş gazanmagyna mümkinçilik berýär.

Şeýle hem ýurtda prezident saýlawlary bilen bir hatarda ýurdy dolandyrmagyň görnüşini üýtgetmek babatda hem sala-salyşlyk geçirildi. Saýlawçylaryň agramly bölegi ýurduň prezident respublikasy bolmagy üçin ses berdi.

Ýurt boýunça saýlawlar gününde 2,4 müň saýlaw uçastogy hereket etdi. Şol saýlaw uçastoklarynda 3,5 million gyrgyz raýaty ses bermek mümkinçiligine eýe boldy.

Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan dalaşgär Sadyr Japarow ýakyn iki-üç ýylyň içinde ýurduň täzeden ösüş ýoluna girjekdigini belledi.

Ýurtda geçirilen prezident saýlawlaryna 17 dalaşgär gatnaşdy.

Sadyr Japarow 1968-nji ýylyň 6-njy dekabrynda dünýä indi. Gyrgyz döwlet bedenterbiýe institutyny hem-de Gyrgyz-rus slawýan uniwersitetini hukuk fakultetini tamamlady.

1994-2005-nji ýyllar aralygynda birnäçe nebitgaz kompaniýalaryna ýolbaşçylyk etdi. 2005-nji ýylda ýurduň parlamentine saýlandy. Birnäçe döwlet edaralarynda işledi.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

Tokaýew Trampa gümrük paçlarynyň girizilmegi bilen baglanyşykly hat iberdi

Türkmenistanyň ilçihanasy Ploeşti şäherinde Aziýa medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy

Donald Tramp dünýä klublary çempionatyň final duşuşygyna gatnaşar

Gazagystan Turgundy-Hyrat demirýol gurluşygyna maýa goýýar

Türkmenistanyň ilçisi Serbiýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy