SPORT

Gwardiola uly ynam bildirilýär

Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň ýolbaşçy düzümi toparyň Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanmak baradaky arzuwynyň hasyl bolmandygyna garamazdan, tälimçi Hosep Gwardiola uly ynam bildirýär.

Gwardiolanyň tälimçiligindäki “Mançester Siti” topary Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda “Real Madrid” toparyndan ýeňlip, finalyň bosagasyndan gaýtdy.

Muňa garamazdan, toparyň ýolbaşçylary Gwardiola uly ynam bildirip, ispan tälimçi bilen işleşmegi dowam etdirmegi maksat edinýär. Ispan tälimçiniň şertnamasynyň tamamlanmagyna 1 ýyl galdy. Topar bu şertnamany 2025-nji ýyla çenli uzaltmagy meýilleşdirýär.

51 ýaşyndaky Gwardiola 2016-njy ýyldan bäri bu topara tälim berip gelýär. Gwardiola iňlis topary bilen 3 gezek Agnliýanyň çempiony, 4 gezek Angliýanyň ligasynyň kubogyny, 2 gezek “Community Shield” kubogyny we 1 gezek FA kubogyny gazandy.

 

 

2 ýyldan soňra uçar gatnawlaryny ýola goýdy

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi