MEDENIÝET

Güýz bilen söhbet…(Şahyrana oýlanma)

Gurbannazar Ezizow:

                                                             Birden gök asmana dikildi gözüm.

  Ah, ol görnüş! Gözüm nämeler görýär.

                                                                   Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm,

                                                                   Göwnüňi göterip, durnalar barýar…

 

Durnalar barýar. Misli günlere meňzäp… Şahyryň aýdyşy ýaly «Durnalaryň ýyllar kimin hatary…» günleriň gymmatyny düşündirýär. Durnalar serginligi, sadalygy, sahylygy zeminde galdyryp barýar. Gyşyň ünsüni, ümsümligini bölmezlik üçin, durnalar günleriň aňyrsynda bir pasyl eglener. Eglener-de, ýazyň ýakymy bilen dolanyp geler.

Durnalar barýar… Asmanyň ýüzünden ömür kerweni deýin hatar gurap, gözýetimden arany açyp. Her ýyl güýz paýawlanda ýandepderçäme bellän setirlerimi okamak, indi kada öwrülipdir:

Kerwen gurap geçip barýan durnalar,

Günlere sepleşýän aýlar mysaly.

Ýöne şol durnalar dolanyp geler,

Geçen gün durna däl dolanar ýaly!… —

Durnalar dolanar… Ýazyň mylaýym howasy zemine dolanda, säher guşlar şirin mukam çalanda, baglar ýaşyl ýapynjasyny ýapynyp, serginlikden dem alanda… durnalar dolanar.

***

Güýz ýagyşlary duýgularymyzyň ylhamyny joşdurýar. Günleriň görkünden gözbaş alýan güýzde ýagýan ýagyşlaryň şabyrdysy şahyr üçin şygyr, bagşy üçin şirin mukama öwrülip eşidilýär.

Güýz ýagyşlary! Seniň serginlik siňen sesiň kalbymyza ajaýyp duýgulary bagyşlaýar. Bagyşlaýar-da, göwün syrdaşymyza öwrülýär:

Ýagýar, güýz ýagşy,

Çisňäp çalaja.

 Ýagyş zynat berýär,

Ter leýlisaça…

Göýä soňsuz arzuwlara meňzeýärsiň güýz ýagşy! Mylaýym sesiňe zemin heýjana gelýär. Ýere düşelen zer ýapraklaryň üstüne gaçýan damjalar, goýazy pikirleriň hünjüsi bolup düzülýär.

Ýag sen güýz ýagşy! Keremli topragy, başy çal dumanly belent gerişli daglary, sary ýapraklaryny sahylyk bilen zemine eçilýän baglary… dury damjalaryňy paýlap…

***

Güýz! Seniň sergin şemalyňa aşyk men. Säher bilen ýüzümizi ýelpäniňde, agraslykdan, sadalykdan döreýän nepis duýgular kalbymyza ornaýar…

Sary ýapraklary yzlaýan güýz şemaly, günleri-günlere atarýan ömür menzillerine meňzeýär.

 

Aşyk sergin şemalyňa,

 Aşyk men çigrek sabaňa!..

Hawa parasatdan, ylhamdan, ynamdan ybarat güýzüm! Saňa duýgulardan

püre-pür göwünler aşyk. Saňa serginligi süňňüne siňdirýän säherler, ümsümligiň gujagynda uka gidýän gijeler, magşugyna ýüregini açmak isleýän dideler aşyk.

Güýz! Sende edebiň ebedilik keşbi bar.  Hemişe paýhasly günleriň dünýämiziň ýakymly ýatlamalaryny paýlaşsyn. Göwün syrdaşym güýzüm!

Güýz parasadyň nusgasy,

Ol günlere zyýaratdyr.

 Wagtyň gadryny bilmäge,

  Güýz duýgudan ybaratdyr.

 

Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek medeni çäreler

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk