Günorta Koreýanyň daşary işler ministri Park Jin şu ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri ýurdumyza geleninden soň, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna baryp gördi we bu ýerde gül goýdy.
Şeýle hem, saparyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşmagyna we Merkezi Aziýadaky kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirmegine garaşylýar.
Mundan ozal, 30-njy oktýabrda Seulda daşary işler ministri Pak Jin bilen Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdiýewiň arasynda duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Pak Jin “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda türkmen tarapynyň edýän tagallalary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.
