TEHNOLOGIÝA

Günorta Koreýanyň 6G meýilnamasy

Günorta Koreýanyň hökümeti 2030-njy ýyla çenli 6G ulgamyny täjirleşdirmegi maksat edinýändigini mälim etdi.

Häzirki wagtda 5G tehnologiýasy diňe käbir ýurtlarda elýeterlidir. Şeýle-de bolsa, Günorta Koreýa eýýäm 6G tehnologiýasynyň üstünde işläp başlady.

Günorta Koreýanyň hökümeti 5G torunyň ornuny tutjak altynjy nesil (6G) ykjam tehnologiýalary ösdürmek üçin täze strategiýasyny yglan etdi.

Ýurduň hökümeti 2026-njy ýyldan 2030-njy ýyla çenli täjirleşdirilmegine garaşylýan 6G tehnologiýasynyň prototipini 2026-njy ýyla çenli işläp düzmegi meýilleşdirýär.

Ýurduň öňdebaryjy kompaniýalary bolan “Samsung” we “LG” bu ugurda iş alyp barýarlar. “Samsung” tarapyndan 15 metrlik maglumat geçirijilik ulgamy işlenip düzülen bolsa, “LG” kompaniýasynyň bu ugurdaky görkezijisi 100 metr aralygy geçdi.

 

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/demiryollary-taze-gatnaw-tertibi/

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar