MEDENIÝET

Günorta Koreýaly ýazyjy edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy

Stokgolmdaky şwed akademiýasy Koreýa Respublikasynyň ýazyjysy Han Gany edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolandygyny habar berdi. Han Gan bu baýraga mynasyp bolan ilkinji günorta koreýaly edebiýatçy boldy.

Ýazyjy özüniň adam durmuşyny ayp grkezýän baý şahyrana prozalary bilen bu baýraga mynasyp boldy.

Han Gan 1970-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Koreýa Respublikasynyň Kwandžu şäherinde ýazyjy Han Syn Wonyň maşgalasynda dünýä indi. Ol 10 ýaşynda maşgalasy Seul şäheri göçdi. Ilkibaşda koreý edebiýatyny Ýense uniwersitetinde okady we soňra ýazyjylyk bilimi ABŞ-nyň Aýowa uniwersitetinde dowam etdi. Seulyň sungat institutynda mugallymylyk etdi.

Onuň “Wegetarian” atly romany 2016-njy ýylda Buker baýragyna mynasyp boldy. Han Ganyň ýanýoldaşy Hon Ýen Hi edebiýat tankytçysy.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri