SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Gündelik Täleýnama: 17 Maýda Ýyldyzlar näme diýýär?

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!

 

Mähriban okyjylar! Öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyzy bilmek her kim üçinem gyzykly bolsa gerek. Siz üçin diýseň gyzykly we peýdaly bolar diýen umyt bilen size 17-nji maýdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Siziň şähsy durmuşyňyzdaky kynçylyklaryňyz professional durmuşyňyza-da täsir edip biler. Ýolbaşçylar bilen gatnaşygyňyzyň kynlaşmagy, işden çykmak ýa-da iş ýeriňizi täzelemek ýaly zatlaryň bolmagy ahmal. Size bolup geçýän zatlara dogry baha bermegiňiz zerurdyr. Ýadyňyzda saklaň, bu wagt siziň öz boýnuňyza alan zatlaryňyzdan ýüz öwürmegiňiziň wagty däldir. Öz ýalňyşlyklaryňyza jogap bermeli bolarsyňyz.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Islendik öňegidişlikleriňiziň haýallamagy ahmal. Rahatlylygyňyzy, giňligiňizi saklajak boluň. Saglygyňyz bilen baglanyşykly kynçylyklaryň bolmak ähtimallygy örän ýokarydyr. Şonuň üçin bu wagt saglygyňyza aýratyn üns bermek maslahat berilýär. Söýgüde welin, size üstünlikler garaşýar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün jöwzalar üçin diýseň başagaý we şol bir wagtyň özünde gyzykly gün bolar. Siz döredijilik duşuşyklaryndan, sergilerden, konsertlerden, bäsleşiklerden we ýene-de birnäçe köpçülik çärelerinden alan energiýaňyzdan lezzet alarsyňyz. Jemgyýetçilik işlerini çagalara bagyşlamaklyk maslahat berilýär.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlaryň ösen alçaklygy bu gün şahsy durmuşynda üstünlikleriň ýolunda ähli kynçylyklary ýeňip geçmeklerine kömek eder. Zenan seretanlar bu gün özleriniň intellektual we ruhy mümkinçiliklerini doly açyp görkezip bilerler. Emma uly emosionallygy talap edýän zatlara baş goşmaň. Bu siziň saglygyňyza ýaramaz täsirini ýetirip biler.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Zähmet işjeňligi üçin gowy gün däldir. Hemme zat siziň garşyňyza bolar. Göripçilik, duýdansyz garşylyklar siziň maksadyňyza ýetmegiňizi haýalladar. Siziň dostlaryňyzyň, garyndaşlaryňyzyň ýa-da täsirli adamlaryň kömegine mätäç bolmagyňyz ahmal. Günüň ikinji ýarymynda käbir düşünişmezlikleriň bolmagy mümkin. Hemmeler sizi etmedik zadyňyzda aýyplarlar. Özüňizi dürsäp, wakalara dogry baha berjek boluň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün size has ýygjam bolmaklyk, kän pul sowmazlyk maslahat berilýär. Material ýitgileriňiziň bolmagy ahmal. Günüň birinji ýarymynda duşuşyklar, gapleşikler, gezelençler şowly geçer. Emma munuň üçin adatdan has köp güýç sarp etmeli bolarsyňyz. Günüň ikinji ýarymynda bolsa kärdeşleriňiz, ýolbaşçyňyz bilen kiçijek düşünişmezligiň bolmagy ahmal. Maşgalaňyzda bolan ynamlylygyňyz size möhüm meslelerde çykalga tapmaga kömek eder.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün islendik möhüm mesleleriň başlangyjy üçin diýseň gowy gündür. Işjeň professional we döredijilik işi, söýgi meselesindäki täze başlangyçlar şowly bolmaklygy wada berýär. Özüňize ynamly hereket ediň. Käbir size ýamanlyk isleýän adamlaryň pikirlerine we hereketlerine üns bermezlik maslahat berilýär.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Diýseň energiýaly, işjeň gün. Ähli işlerde örän seresaply we ünsli bolmaklyk maslahat berilýär. Diňe öňki başlangyçlaryňyzdan girdeji gazanyp bilersiňiz. Ikitaraplaýyn düşünişmezligiň bolmagy ahmal. Şonuň üçin size tebigatyň beren dogruçyllygy we medeniýetliligi bu wagt diýseň zerurdyr.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Garaşylmadyk ýagdaýlar sizi diýseň işeňňir bolmaklyga, hatda nätanyş işe baş goşmagyňyza iterer. Bu işiňiziň netijesi bolsa, siziň öwrülişiklere wagtynda we dogry düşünmegiňize baglydyr. Günüň ikinji ýarymy finans ýagdaýyňyzyň gowulanmagyny wada berýar. Bu şowly söwda, garaşylmadyk utuş bilen bagly bolup biler.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün gep etmeklikden gaça duruň. Kimdir biri ýene-de size ýamanlyklary isleýär. Gürleşeniňizde diýseň seresap we ünsli boluň. Hiç hili möhüm kararlara gelmäň. Erkek jediler üçin iş bilen bagly bähbitli çakylyklaryň gelmegi ahmal. Olara bolsa, doly we dogry pikirlenmezden razylyk bermäň.

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

Bu gün siz maksadyňyzy saýlap ýa-da oňa ýetip bilersiňiz. Professional işiňiz ählitaraplaýyn tertipliligi we guramaçylyklylygy talap edýär. Erkek daluwlar işdäki möhüm meseleleri çözüp, ozalky ýalňyşlyklary düzedip bilerler. Ýakyn adamlaryňyz bilen gatnaşykda medeniýetliligiňizi we dogruçyllygyňyzy saklaň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Mümkin boldugy-ça täze tanyşlyklary açmajak boluň. Daş-töweregiňizdäkiler bilen gatnaşygyňyzy azaldyň. Çünki bu gün size ýamanlyk isleýän adamlaryň ýalňyş maslahat bermegi ahmaldyr. Öz öňüňizde goýan maslahatlaryňyz üçin ynamly hereket ediň. Içki pikirleriňizi daşky dünýä bilen paýlaşmajak boluň.

 

Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halakara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

Russiýa : Merkezi Aziýa ýurtlaryndan okadyljak talyplaryň sanyny köpeltmek

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama