2024-nji ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy amala aşdy. Bu tebigy hadysa şu gezek diňe Amerika yklymynda tomaşa etmek mümkinçiligi boldy. Amerika yklymynda Amerika, Kanada we Meksika ýaly döwletleriň raýatlary bu hadysany görmek mümkinçiligine eýe boldy.
ABŞ-nyň Awiasiýa we kosmos edarasy (NASA) tarapyndan Gün teleskoplary arkaly bu hadysa degişli wideoýazgylar görkezildi. Günüň doly tutulmasy uzynlygy 6 müň 437 kilometr, ini 186 kilometr aralykda jemi 44 million ilatyň ýaşaýan ýerinde bolup geçdi. Hadysanyň bolup geçýän ugrunyň merkezinde Aý Günüň öňüni 4 minut 28 sekuntlap ýapdy. Şonda gündiziň güni garaňky boldy.

Amerika yklymyndaky ýaşaýjylar bu hadysa tomaşa etmek üçin seýilgählerde jemlendiler.
Gün nädip tutulýarka? Bu hadysa Aýyň Ýer bilen Günüň aralygyna girmegi esasynda ýüze çykýar. Aýyň bu hereketi Ýere kölege salýar we tümlük ähli ýeri gurşap alýar. Mälim bolşy ýaly, Ýer Günüň daşyndan aýlanýar. Ýeriň hemrasy Aý hem Ýeriň daşyndan aýlanýar. Bu hereket belli aralyklardan Ýeriň haýsydyr bir ýerinde Gün ýa-da Aý tutulmak hadysasyny emele getirýär.
