DÜNÝÄ

Gün tutulma hadysasy amala aşdy

2024-nji ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy amala aşdy. Bu tebigy hadysa şu gezek diňe Amerika yklymynda tomaşa etmek mümkinçiligi boldy. Amerika yklymynda Amerika, Kanada we Meksika ýaly döwletleriň raýatlary bu hadysany görmek mümkinçiligine eýe boldy.

ABŞ-nyň Awiasiýa we kosmos edarasy (NASA) tarapyndan Gün teleskoplary arkaly bu hadysa degişli wideoýazgylar görkezildi. Günüň doly tutulmasy uzynlygy 6 müň 437 kilometr, ini 186 kilometr aralykda jemi 44 million ilatyň ýaşaýan ýerinde bolup geçdi. Hadysanyň bolup geçýän ugrunyň merkezinde Aý Günüň öňüni 4 minut 28 sekuntlap ýapdy. Şonda gündiziň güni garaňky boldy.

 

Amerika yklymyndaky ýaşaýjylar bu hadysa tomaşa etmek üçin seýilgählerde jemlendiler.

Gün nä­dip tu­tul­ýar­ka? Bu ha­dy­sa Aýyň Ýer bi­len Gü­nüň ara­ly­gy­na gir­me­gi esasynda ýü­ze çyk­ýar. Aýyň bu he­re­ke­ti Ýe­re kö­le­ge sal­ýar we tümlük ähli ýeri gurşap alýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ýer Gü­nüň da­şyn­dan aý­lan­ýar. Ýe­riň hem­ra­sy Aý hem Ýe­riň da­şyn­dan aý­lan­ýar. Bu he­re­ket bel­li ara­lyk­lar­dan Ýe­riň haý­sy­dyr bir ýe­rin­de Gün ýa-da Aý tu­tul­mak ha­dy­sa­sy­ny eme­le ge­tir­ýär.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti «Global Rail 2025» atly Halkara sergisine we maslahatyna gatnaşdy

Abu-Dabide XIII Halkara maýa goýum forumy geçirildi

Pakistan Türkmenistan bilen energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegi maksat edinýär