DÜNÝÄ

Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri belli bolar

Beýik Britaniýanyň Konserwatiw partiýasynyň agzalary täze hökümet Baştutanyny saýlamak maksady bilen geçirilen ses berişlik işlerini tamamladylar. Täze Premýer-ministr 5-nji sentýabrda belli bolar.

Ýurduň täze Premýer-ministrini Konserwatiw partiýanyň, takmynan, iki ýüz müň agzasy saýlady. Ministrler Kabinetiniň täze başlygy hem konserwatiwleriň lideri bolar.

Mundan ozal Beýik Britaniýanyň maliýe edarasynyň öňki başlygy Rişi Sunakyň hem-de daşary işler ministri Liz Trassyň Premýer-ministriň wezipesine dalaşgärdikleri habar berlipdi.

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň häzirki saýlawlary wagtyndan öň geçirilýär, sebäbi Premýer-ministr Boris Jonson hökümetde dörän käbir meseleler sebäpli işinden çekilmeli bolupdy.

Related posts

Harby we hukuk goraýjy edaralary ösdürmegiň täze Maksatnamalary tassyklandy

Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Ýaşlar forumyna gatnaşýar

Dünýäniň iň gysga boýly adamy

Ata Watan Eserleri